Türkmen ýaşlary Täjigistanda geçirilýän halkara foruma gatnaşýarlar
21–24-nji maý aralygynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň ýaşlar forumy geçirilýär. Forum Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Aýlagdaky arap döwletlerinden gelen wekiliýetleri, 100-den gowrak gatnaşyjyny Täjigistanyň paýtagty Duşenbede jemledi. Dost-doganlyk ruhunda geçýän bu forum iki sebitiň ýurtlarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, durnukly ösüşe ýaşlaryň goşandyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Halkara ýaşlar forumyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, "Türkmenistan" gazetiniň işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat bolan ýurdumyzyň wekiliýeti hem örän işjeň gatnaşýar.
Forumda ýurdumyza wekilçilik edýän ýaş alymlar, telekeçiler, IT ulgamy boýunça hünärmenler, medeniýet işgärleri, sportçular, meýletinçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri bolan talyplar çykyş edip, degişli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlyk babatda pikir-garaýyşlaryny, döredijilikli başlangyçlaryny beýan ederler we özara tejribe alyşarlar.
Forumyň gün tertibinde innowasiýalar, ýaşlar telekeçiligi, ekologiýa, bilim, sport, medeniýet we ýaşlar diplomatiýasy, meýletinçilik işi we media ulgamy ýaly möhüm ugurlara gönükdirilen plenar mejlisler, sergiler hem-de beýleki dürli çäreler geçiriler.
Forumyň jemleri boýunça Duşenbe deklarasiýasynyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem sport çäreleri, IT-taslamalaryň sergisi we konsert geçiriler.
Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýetiniň şeýle halkara forumlara yzygiderli gatnaşmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet ýaşlar syýasatynyň ajaýyp netijesidir. Munuň özi "Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 - 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň" üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem nobatdaky aýdyň mysalydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän şeýle forumlar ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine, parahatçylykly ösüşe hyzmat edýän başlangyçlaryň döremegine itergi berýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Şeýle hem okaň: Turkmenportal