MAGTYMGULY PYRAGA TAGZYM EDIP

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň toý-baýramlara, dabaraly çärelere gurşalan her bir güni biziň ýüreklerimizde Watanymyzyň parahatçylygyna, asudalygyna, halkymyzyň agzybirligine bolan buýsanç duýgularyny artdyrýar. 

Ösüp gelýän ýaş neslimizde mähriban ata Watanymyza bolan belent söýgüni kemala getirmekde, olaryň edepli-terbiýeli, bilimli-ylymly bolup ýetişmekleri üçin arman-ýadaman zähmet çekýän bilim işgarleri hem bu asylly däpleriň dowamat-dowam bolmagy üçin öz goşantlaryny gaýgyrman goşýarlar. 
Şeýle baýramçylyk günlerinde Aşgabat şäherinde ýerleşýän iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiň kitaphanasynyň guramagynda «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly edebi çäre geçirildi. Bu çäre mynasybetli mekdebiň kitaphanasynda we girelgesinde Magtymguly atamyzyň eserleriniň, onuň ömri we döredijiligi barada söz açýan kitaplaryň, döwürleýin neşirleriň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalaryň sergisi okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. 

Dabaranyň açylyşynda mekdebiň müdiri A.Orazberdiýewa, mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary T.Atabaýew dagy çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň nesil terbiýesinde tutýan uly orny barada giňişleýin durup geçdiler. Bu mekdebiň ýokary synp okuwçylary dünýäniň akyldary barada gyzykly rowaýatlary, onuň goşgularyny labyzly okap bermek bilen dabara gatnaşyjylarda Beýik Akyldar şahyrymyza bolan hormaty ýene-de bir gez ýokary galdyrdylar.

Çäräniň dowamynda okyjylar köpçüliginiň döredijilik dünýäsine has içgin aralaşmagy maksat edinen bu mekdebiň kitaphanaçysy M.Baýrammämedowanyň ýolbaşçylygynda okuwçylar Magtymguly atamyzyň Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda ýerleşdirilen ýadygärlikler toplumyndaky heýkeline tagzyma bardylar. Bu ýerde mekdep kitaphanaçysy Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyndan bölekleri okap berdi. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ýerleşdirilen gymmatly maglumatlary özlerine ýol-ýörelge hökmünde kabul eden okuwçylar Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz goýan ägirt bolup geçendigi baradaky buýsançlaryny şahyr hakyndaky goşgulary, rowaýatlary labyzly aýtmak bilen beýan etdiler.

Taryhymyza ady altyn harplar bilen ýazylan Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda – Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşaýandygymyza buýsanmak bilen, bize şeýle bagtly durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25