2025-nji ýylda Almaty şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň sebit seminarlarynda tejribe alyşmak
Merkezi Aziýa sebiti geljekki bilimiň we global raýatçylyk ruhundaky bilimi ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegi boýunça möhüm gepleşikleriň merkezi meýdançasyna öwrüldi. Gazagystanyň günortasyndaky paýtagty Almaty şäherinde 2025-nji ýylyň 19–22-nji maýy aralygynda global raýatçylyk ruhundaky bilim meselelerine bagyşlanan sebitleýin seminar geçirildi. Bu möhüm çäräni ÝUNESKO-nyň Aziýa–Ýuwaş umman sebitindäki Halkara düşünişmek üçin bilim boýunça merkezi hem-de bu guramanyň Gazagystandaky sebit edarasynyň bilelikde gurnandygy aýratyn nygtalmalydyr.
Seminar häzirki zaman kynçylyklaryna laýyk gelýän inklýuziw bilim tejribelerini işläp taýýarlamak üçin Merkezi Aziýanyň, Eýranyň we Päkistanyň bilim ministrlikleriniň wekillerini, mugallymlary we bilermenleri bir ýere jemledi.
Gepleşikleriň ugruny kesgitleýän möhüm waka hökmünde, ÝUNESKO-nyň 2023-nji ýylyň noýabrynda soňky 70 ýylyň dowamynda ilkinji gezek parahatçylyk, adam hukuklary, halkara düşünişmek, hyzmatdaşlyk, esasy global raýatçylyk we durnukly ösüş babatyndaky bilim boýunça öz tekliplerini täzelemegi görkezildi. Bu täze teklipler Aziýa–Ýuwaş umman sebitiniň ýol kartasyny taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat etdi. Türkmenistan bu möhüm gepleşiklere işjeň gatnaşdy.
Seminaryň baş maksady – mugallymlaryň global raýatçylyk ruhundaky bilim düşünjesini çuňlaşdyrmak we degişli ýörelgeleri bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrmak üçin olaryň amaly başarnyklaryny pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň teklipleriniň öz ýurtlarynda durmuşa geçirilmeginiň möhüm ugurlaryny we strategiýalaryny kesgitlemäge hem-de sebitdäki bilim işgärleriniň we degişli guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ünsi jemlediler.
Üç gün dowam eden duşuşykda her ýurduň wekilleri ÝUNESKO-nyň teklipleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça milli hereket meýilnamalarynyň öňdebaryjy taslamalary bilen çykyş etdiler. Howpsuz we inklýuziw okuw gurşawynyň döredilmegine, saglygy goraýyş, abadançylyk we durmuş başarnyklary boýunça bilime aýratyn üns berildi. Şeýle hem her sebitiň aýratynlyklaryna laýyklykda, tejribe alyşmak üçin ýörite sessiýalar geçirildi. Bu sessiýalara tejribeli spikerler ýolbaşçylyk etdiler.
Seminaryň çäginde global raýatçylyk ruhundaky bilimi (GRB) ŷaŷratmak üçin täze okuw programmalary taýýarlanyldy. Bu programmalaryň ýurdumyzyň aýratynlyklaryny we ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen taýýarlanylmagy Türkmenistan üçin möhüm boldy. Täze programmalaryň maksady – GRB ýörelgelerini okuw meýilnamalaryna, okuw serişdelerine, mugallymlary taýýarlamak we okuwdan daşary çäreleri guramak ýaly dürli derejelerde ornaşdyrmak üçin amaly gollanmalary döretmekdir.
Seminaryň iň möhüm amaly bölekleriniň biri Almaty şäherindäki iki bilim ojaklaryna gurnalan saparlar boldy. Gatnaşyjylar 5-nji ýöriteleşdirilen mekdep-gimnaziýada bolup, global raýatçylyk ýörelgeleriniň okuw işine üstünlikli ornaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Şeýle hem şol binada ýerleşýän Halkara Innowasion Gimnaziýasynyň (HIG) tejribesi uly gyzyklanma döretdi. Mundan başga-da, Nazarbaýew Akylly Mekdebine (NAM) edilen sapar wagtynda GRB ýörelgeleriniň durmuşa geçirilişiniň dürli usullary öwrenildi.
Amaly işleriň jemleýji bölegi hökmünde 5-nji mekdep-gimnaziýada «Maglumat bilen dolandyryň – geljegi dörediň» atly «Ýaş tälimçiniň mekdebi» ady bilen çagalar media-marafony geçirildi. Bu çäre ÝUNESKO-nyň howandarlygynda Halkara Medeniýetleriň ýakynlaşmagy boýunça merkez, Almatynyň bilim müdirligi we şäheriň täze tehnologiýalar boýunça ylmy-usuly merkezi tarapyndan bilelikde gurnaldy. Ol ýaşlaryň global raýatçylyk ideýalarynyň ŷaŷradylmagyna işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi.
Türkmenistanyň bu sebitleýin seminara gatnaşmagy ýurduň bilim ulgamyny halkara ölçeglere laýyk ösdürmäge bolan ygrarlylygyny we goňşy ýurtlar bilen açyk tejribe alyşmaga taýýardygyny görkezdi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň çykyşynda ýurdumyzyň bu ugurdaky gazananlary we geljekki mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
Almatydaky sebitleýin seminar diňe bir tejribe alyşmak üçin meýdança bolman, eýsem Merkezi Aziýada we goňşy ýurtlarda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin anyk ädimleriň başlanmagyna hem itergi berdi. Täzelenen ÝUNESKO tekliplerine esaslanyp, sebitiň döwletleri has durnukly, inklýuziw we parahat geljek gurmak ugrundaky bilelikdäki tagallalaryna taŷŷarlygyny görkezdi.
A.Sähetmyradowa
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri