«KITAP – KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY» ATLY KITAP HEPDELIGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilimli, sagdyn bedenli, ata Watanymyza, halkymyza, asylly pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu bolsa biziň – bilim işgärleriniň has-da hyjuwly işlemegimize ýardam berýär. 

Kitap okamak söz baýlygynyň we dil (sözleýiş) ukybynyň kämilleşmegine uly täsirini ýetirýär. Eserlerdäki çeper söz bilen gyzykly beýan edilýän wakalar okyjyda ýatkeşligi ösdürýär we çylşyrymly söz düzümlerini öwrenmek mümkinçiligini döredýär. Haýsydyr bir eser sahnalaşdyrylyp ýerine ýetirilse, okuwçylarda kitap okamaklyga bolan howes has-da artýar. Şol eseriň ýa-da ertekiniň gahrymany çagalaryň aňynda hemişelik galyp, ýatdan çykmajak pursatlary döredýär. Mekdebimiziň okuwçylary hem ertekilerdäki, eserlerdäki oňaýly we oňaýsyz gahrymanlaryň keşplerini özleriçe janlandyryp, dabaraly çärelerde, irki nyzamlarda çykyş edýärler.
Ýylyň-ýylyna däp bolup gelşi ýaly, şu ýylyň maý aýynda hem Aşgabat şäheriniň 19-njy orta mekdebinde «Kitap – kämilligiň gözbaşy» ady bilen mekdep kitaphanamyzyň guramagynda kitap hepdeligi geçirildi.

Kitap hepdeligi mekdebiň ýyllyk iş meýilnamasy we mekdep kitaphanasynyň iş meýilnamasy esasynda her okuw ýylynda yzygiderli geçirilýär. 2024-2025-nji okuw ýylynyň maý aýynda geçirilen hepdeligiň çäginde mekdebiň girelgesinde we kitaphana otagynda kitap sergileri guraldy. Sergide okuwçylaryň öz elleri bilen ýerine ýetiren işlerinden: diwar gazetleri, kitap şekilleri, elde yasalan kitaphana otagy, kitap tekjeleri we eserlerde hereket edýän gahrymanlaryň şekilleri, döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylaryň çeken suratlary ýerleşdirildi. Hepdelige okuwçylar we mugallymlar uly höwes bilen işjeň gatnaşdylar.

Hepdeligiň açylyş dabarasynda X synp okuwçylary XX asyr türkmen edebiýatynyň halypa ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň «Japbaklar» powestinden bölekleri keşpleri janlandyrmak arkaly ýerine ýetirdiler. Olar «Japbaklar» kinofilminde ýaňlanýan meşhur, görnükli kompozitor N.Halmämmedowyň sazynyň astynda orta çykyp, türkmen milli aşyk oýny bolan «Jikge-dükge» oýnuny oýnadylar. Bu çykyşlar okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Şadyýan Japbaklaryň çykyşlaryna tomaşaçylar hezil edip el çarpdylar. Çykyş edenler beýleki okuwçylarda hem «Japbaklar» powestini, şeýle-de türkmen edebiýatynyň meşhur eserlerini okamaga höwes döretdiler. 

Hepdäniň dowamynda geçirilen bu kitap baýramçylygynda başlangyç synp okuwçylary «Ejekejan», «Mämmetjan», «Hudaýberdi gorkak», «Böwenjik» ýaly türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşplerini hem ýerine ýetirdiler.

Şeýle-de, V synp okuwçylary dabaraly nyzamda matallar aýdyşyp, nyzamyň gyzykly ýagdaýda geçmegine goşant goşdular. VI synpyň gyzjagazlary bolsa «Akpamyk» atly türkmen halk ertekisinden parçalary görkezdiler. 

Kitap hepdeligine işjeň gatnaşan okuwçylar mekdep ýolbaşçylary tarapyndan hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Güljahan Ýazmammedowa,

Aşgabat şäheriniň 19-njy orta mekdebiniň kitaphanaçysy 

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25