Iňlis dilinde TOEFL synagy
TOEFL - iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenýänleriň bilimlerini barlamak üçin ýörite döredilendir. TOEFL netijeleri, köp uniwersitetlere girmek üçin zerurdyr. Häzirki wagtda dünýäniň hemme ýerinde diýen ýaly ekzameniň onlaýn görnüşi (TOEFL iBT) bar.
TOEFL ekzamenini tabşyrmak kynmy?
TOEFL aňsat synag däl, ýöne ýokary bal bilen geçmek mümkindir. Esasy zat taýýarlyk. Köp zat dalaşgäriň maksatlaryna we uniwersitetlere girmek üçin berlen ballara baglydyr. Gepleşik bölüminde, adatça, aýdylyşynda kän bir kemçilik tapmaýarlar, sebäbi synag üçin iňlis diliniň ene dili däldigine düşünýärler. Synagçylar üçin jümleleriň logiki sazlaşygy has möhümdir. Birnäçe grammatiki ýalňyşlyk goýberseňizem, bellik alyp bilersiňiz. Okamakda goýberilen ýalňyşlyklar, diňlemek bölüminiň ajaýyp ýerine ýetirilmegi bilen öwezini dolup biler. Düzgün bolşy ýaly, diňlemekde ýönekeý soraglar berilýär (belli seneler, atlar ýa-da sanlar bolmazdan).
TOEFL-ä nädip taýýarlanmaly?
TOEFL-a taýýarlyk onuň daşky görnüşini öwrenmekden başlamaly. Içerki mekdeplerde çözülýän synaglara meňzeş däl. Iňlis dilini bilýänlerem ekzameniň görnüşine düşünmese dogry bal almakda kynçylyk çeker. TOEFL-den üstünlikli geçmek üçin onuň gurluşy we öňki ýyllardaky ýumuşlary bilen tanyşmaly. Synagda ýekeje pursat hem dalaşgär üçin garaşylmadyk zat bolmaly däldir.
Barlag synagyny geçiriň
Bu ekzamen bilen tanyşmak we haýsy bölümleriň üstünde işlemelidigiňize düşünmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Internetde mugt wariantlar köp, ýöne bir kiçijik mesele bar: bilimleriňizi diňe diňlemek we okamak arkaly bahalandyryp bilersiňiz. Düzgünlere laýyklykda gürlemegi we ýazmagy barlamak mümkin bolmaz. Ýeke-täk edip boljak zat, bar bolan nusga jogaplaryna göz aýlamak we soňra özüňiz bilen deňeşdirmek.
Synag synaglaryny resmi TOEFL web sahypasynda alyp bilersiňiz: https://www.ets.org/toefl.html.
Nurgeldi HAJYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyñ Iňlis dili we
edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby.