KITAPDYR YNSANYŇ BAKY HEMRASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni mirasymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde ähli tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerde kitap okamaga söýgi döretmek baradaky beýik başlangyjyny ýol-ýörelge edinen mekdep kitaphanaçylary okuwçylarymyzda kitaba bolan hormaty, söýgini kämilleşdirmek, okamaga bolan höwesi ösdürmek maksadyna eýerip, kitap bilen baglanyşykly dürli mazmunly çäreleri yzygiderli geçirýärler. 
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly çözgütleri netijesinde Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde bina ediljek “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäklerinde gurmak hakyndaky karary mundan beýläk hem döwlet çagalar kitaphanasy bilen mekdep kitaphanalarynyň has-da ykjam işleşmekleri üçin uly mümkinçilikleriň dörediljekdigi baradaky şatlykly habar boldy.
Däp bolup gelşi ýaly, mekdep kitaphanalarymyz Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilen kitaplary wagyz-nesihat etmek boýunça dürli mazmunly çäreleri bilelikde geçirýärler. Maý aýynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan «Çagalaryň söýgüli şahyry» atly edebi-sazly säherlik, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Döwlet baýdagy – özygtyýarlylygyň nyşany» atly söhbetdeşlik, 51-nji orta mekdebinde «Beýik ýeňşiň şanyna» atly dabaraly çäre, «Gün-günden gözelleşýär, ak şäherim Aşgabat» atly edebi-sazly säherlik, 132-nji mekdebinde «Milli gahrymanlaryň belent sarpasy» atly söhbetdeşlik, Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde «Haly – türkmeniň kalby» atly söhbetdeşlik we başga-da birnäçe çäreler geçirildi. Elbetde, bu çäreleriň esasy bezegi baý mazmunly kitap sergileri bolup, olar okyjylaryň ünsüni özüne çekmek bilen çagalarda kitap okamaga bolan gyzyklanmany döredýär, höwesini artdyrýar. 
Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň sowatly, bilimli-ylymly, çeper sözli, suhangöý, kitaphon ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin edän döwlet tarapyndan edilýän tagallalary durmuşa ornaşdyrmakda kitaphana işgärleri hem öz zähmetlerini gaýgyrman işleýärler.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25