Orta hünär okuw mekdeplerinde okuw kitaplaryň we okuw-usuly gollanmalaryň taýýarlanylyşy

“Okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalaryny neşir etmegiň nobatyny tertipleşdirmek hakynda” Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň  20-nji  martyndaky 98belgili buýrugyny ýerine ýetirmegi we OHOM-de okuw kitaplaryny  we okuw-usuly gollanmalary taýýarlamagy barada Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşiniň 2025-nji ýylynyň Meýilnamasyna laýyklykda, 16-njy maýynda nobatdaky mejlisi geçirildi.

Okuw kitaplaryň we okuw-usuly gollanmalaryň neşire taýýarlanylyşynyň talaplary, soňky ýyllarda çap edilen, çapa tabşyrylan we häzirki wagtda taýýarlanýan okuw kitaplar we okuw-usuly gollanmalar barada öz prezentasiýasy bilen I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň direktory çykyş etdi.

Çykyşda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanýan okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalaryny neşir etmegiň nobatyny kesgitlemegiň tertibi,  neşirleri çap edilmeginiň talaplary barada beýan edildi. Anyk mysallara esaslanyp, çapa hödürlenýän kitaplara we okuw –usuly gollanmalara  degişli resminamalaryň  (kitabyň ýazylyşyna, onuň gurluşyna, synlaryň  many-mazmunyna  bildirilýän talaplar,  OHOM-iň usulygeňeşiniň göçürmesi we ş.m.) nusgalary görkezildi we  hil taýdan talaba laýyk bolmaklary  barada bellenildi.

Şeýle-de, okuw kitaplaryň we okuw-usuly gollanmalaryň çap edilmeginiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegi, her okuw jaýynyň ýolbaşçysy tarapyndan berk gözegçilige alynmagy we kitaplary  taýýarlaýan mugallymlardan yzygiderli hasabatlary alyp durulmagy barada netijä gelindi.

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mysalynda çap edilen, çapa taýýarlanan we tamamlanýan kitaplaryň nusgalary bilen tanyşdyryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25