Beýik Ýeňşiň gahrymanlarynyň edermenligi – nesilleriň buýsanjy

2025-nji ýylyň 2-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen “Beýik Ýeňşiň gahrymanlarynyň edermenligi-nesilleriň buýsanjy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň umumy mejlisde uniwersitetiň professory N.Suwhanow 1941-1945-nji pajygaly ýyllarda mertlerçe söweşip gahrymanlyk görkezen şahslar barada olaryň edermenlikleri, watan üçin, il-ýurt üçin janyny aýaman gurban eden adamlar barada we netijede hem uly ýatdan çykmajak pursadyň ýagny ýeňişiň gazanylandygy barada täsirli çykyşlary etdi. Soňra uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa Türkmen zenanlarynyň 1941-1945-nji pajygaly urşy ýyllarynda görkezen edermenlikleri barada hem-de parahatçylyk üçin, watan üçin, ýeňiş üçin birnäçe gyzyl şaý seplerini, el işlerini fronta ýollan edermen Türkmen zenanlary barada çykyşlary etdi. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halkynyň merdanalygy barada M.Kullaýewa, Türkmen halkynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen mertligi barada uniwersitetiň mugallym-öwrenijisi B.Arslanow öz çykyşlarynda buýsanç bilen belläp geçdiler.

Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra 8 sany bölümçelerde dowam etdirdi. Çykyş edenler 1941-1945-nji pajygaly urşy ýyllarynda mertlikde, edermenlikde, gaýduwsyzlykda il-ýurt üçin, watan üçin janlaryny aýaman uruşda gahrymanlyk görkezen ärleriň, öý ojagyny saklan mert zenanlaryň ýüreklerde hiç wagt ýatdan çykmajak yz galdyrandyklaryny hem-de häzirki ýaşlarymyzyň hem watan söýüji, edepli terbiýeli, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmelidigini belläp geçdiler. Maslahat işjeň ýagdaýda geçip, çykyş edenler bilen diňleýjileriň arasynda sorag-jogaplar we gyzykly pikir alyşmalar boldy.

Ylmy-maslahata gatnaşyjylar dünýäň parahatçylygyny pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25