Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

2025-nji ýylyň 3-nji maýynda Uniwersitetimiziň Bilim daragty meýdançasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. “Gara Altyn” çeper höwesjeňler toparynyň taýýarlan döwlet baýdagymyzyň waspyny ýetirýän çeper okaýyşly kompozisiýalary, aýdym-sazlary şeýle-de çykyşlary görkezildi. Dabaranyň dowamynda talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25