Pyragynyň döredijiliginde durmuş sahypalary


Akyldar Pyragynyň döredijiligi durmuşyň ähli taraplaryny öz içine alýar. Şol sebäpli, onuň goşgulary XVIII asyr türkmen durmuşyny öwrenmäge örän köp material berýär. Magtymgulynyň şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, sotsial-deňsizlik, yşky-liriki, dostluk barada gumanistik ideýalary öňe sürýär. Watançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Bu temada Magtymguly "Türkmeniň", "Ýeli Gürgeniň" , "Depe nedir, düz nedir", "Öňi-ardy bilinmez", "Döker bolduk ýaşymyz", "Gidiji bolma", "Gözlär men", "Başy gerekdir", "Mert bolmaz" ýaly birnäçe goşgular döredipdir. Şahyr hakyky watançy hökmünde türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna, baýlygyna, batyr ýigitlerine guwanypdyr. Şahyr "Gidiji bolma" şygrynda:

Gel köňlüm, men saňa nesihat kylaý:

Watany terk edip gidiji bolma

diýip, öz döwürdeşlerine ýüzlenýär. Magtymguly Türkmenistanyň, aýratyn hem öz önüp-esen ýeri bolan Etrek, Gürgen töwerekleriniň giň, gözel we hasylly sähralaryny, daglaryny, tebigy baýlyklaryny, goç ýigitleri taryplaýar. Şahyryň "Ýeli Gürgeniň", "Türkmeniň" şygyrlary-da,  oňa güwä geçýär.

Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşy goşgular esasy orunlaryň birini eýeleýär, Ol çilim çekmek, nas atmak, ogurlyk, nähak gan dökmek ýaly pis häsiýetlere garşy göreş alyp barypdyr. Özüniň goşgularynda ("Kyly-kal bolar", "Düýşüne degmez", "Çilimkeş", "Nas atan") olary rehimsiz ýazgarypdyr. Magtymguly Pyragy ýaramaz häsiýetlere garşy göreşmek temasyny edebiýatda giň möçberde işläp we propagandirlän şahyrdyr. Şahyryň döredijiliginde adamlarda oňat häsiýetleri terbiýelemekde uly orny owüt-nesihat häsiýetli şygyrlar tutýar. Bu temadan Magtymguly "Janyna degmez", "Durasyň geler", "Ýör biläni", "Il ýagşy", "Zor bolar", "Bolar sen"", "Aýrylma" ýaly onlarça şygyr ýazypdyr. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr.

Aýgül GAPUROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyñ Iňlis dili we

edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby.


Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25