“Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 7-nji
maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
mugallymlary “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde 5-nji maýda
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň ähmiýeti barada
Tegelek stol söhbetdeşligini geçirdiler.
Söbetdeşlige
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory,
Hormatly il Ýaşulusy Nurýagdy Suwhanow, uniwersitetiň mugallymy G. Meredow
hem-de uniwersitetiň uly mugallymy, “Diller” kafedrasynyň müdiri Sona Yslamowa
dagylar gatnaşdy. Söbetdeşligi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň uly mugallymy J. Sapargulyýewa alyp bardy.
Çykyş
edenler Gahryman Arkadagymyzyň saparynyň dowamynda geçiren möhüm duşuşyklary,
şol san da dostlukly ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçiren
gepleşikleriniň däp bolan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça hil taýdan täze
derejä çykarýandygyny buýsançly bellediler. Çünki bu sapar döwletara
gatnaşyklaryň täze sahypasyny açdy. Gahryman Arkadagymyzyň saparyna gabatlap,
Türkmen-fransuz ykdysady formy geçirildi. Bu çäre Fransiýanyň geljegi uly,
durnukly ösýän türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän
işewür toparlaryň wekillerem gatnaşdy. Umuman, dostlukly döwletleriň arasynda
baglaşylan Ähtnamalar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe
bolar.
Sapargulyýewa Jemal
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy