ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «ATOM ÝADROSYNYŇ WE ELEMENTAR BÖLEJIKLERIŇ FIZIKASY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň, umumymilli bähbitleriniň we her bir raýatyň bähbitleriniň sazlaşýan ulgamynyň, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmeginiň, jemgyýetimiziň medeni hem-de ruhy taýdan kämilleşmeginiň esasy şerti hasap edilýär.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Atom ýadrosynyň we elementar bölejikleriň fizikasy» okuw kitaby (awtorlary: J.Awliýakuliýew, A.Rozyýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025, 270 sah.) neşir edildi. Okuw kitaby «Ýadro we elementar bölejikleriň fizikasyna girişden» we üç bölümden ybarat bolup, okuw maksatnamasyna laýyklykda degişli has derwaýys meseleleri öz içine alýar. Girişde ýadro fizikasynyň esasy düşünjeleri, beýleki ylymlar bilen baglanyşygy, ösüşiniň gysgaça taryhy, ýadro fizikasynda peýdalanylýan fiziki ululyklaryň ölçeg birlikleri, fiziki hadysalaryň toparlara bölüniş aýratynlyklary, atomyň we atom ýadrosynyň esasy häsiýetnamalary barada maglumatlar berilýär.
Okuw kitabynyň «Atom ýadrosynyň we elementar bölejikleriň fizikasynyň nazary we eksperimental usullary» atly I bölüminde «Pytrama usuly» atly I bap we «Bölejikleriň çeşmeleri we detektorlar» atly II bap ýerleşdirilipdir. «Atom ýadrosynyň fizikasy» atly II bölümde «Atom ýadrolarynyň häsiýetleri» atly III bap, «Atom ýadrosynyň modelleri we ýadro güýçleri» atly IV bap, «Radioaktiw öwrülişmeler» atly V bap hem-de «Ýadro öwrülişmeleri we ýadro energetikasy» atly VI bap ýerleşdirilipdir. «Elementar bölejikleriň fizikasy» atly III bölümde «Bölejikleriň fenomenologiýasy» atly VII bapda, «Mikrobölejikleriň gurluşy we düýpli özara täsirler» atly VIII bapda ýerleşdirilen maglumatlar iň häzirki zaman garaýyşlary beýan edýär.
Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň mugallymçylyk institutynyň fizika hünärinde okaýan talyplara niýetlenilip, ondan ylmy işgärler we beýleki okyjylar köpçüligi hem peýdalanyp bilerler.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi