UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ I SYNPY ÜÇIN «MATEMATIKA (II KITAP)» OKUW KITABYNYŇ NOBATDAKY NEŞIRI






Ýurdumyzda
çagalaryň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalmagyny üpjün etmek meselesi döwlet
tarapyndan ileri tutulýan meseleleriň hatarynda durýar. Biz çagalarymyzyň has
zehinli, ugurtapyjy, zähmeysöýer, Watançy, ilhalar şahsyýetler bolup
ýetişmekleri ugrunda gije-gündiz irginsiz alada edýän Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyşlary aýdýarys.



Ýaňy-ýakynda
dördünji gezek neşir edilen «Matematika (II kitap)» okuw kitaby (awtorlary:
G.Atabaýew, N.Öwezowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) häzirki wagtda
ulanylyp ýörlen «Matematika (I kitap)» okuw kitabynyň dowamydyr. Şonuň üçin bu
kitap geçilenleri gaýtalamakdan başlanýar. Onuň 1-nji synp okuwçylarynyň ýaş
aýratynlyklaryna laýyklykda güýçýeterli bolmagy, ýadynda oňat galmagy, çaganyň
ünsüni özüne jemlemegi üçin bezegçilik (dizaýn) tarapyndan uly işler ýerine
ýetirilipdir. Mysaldyr meseleleriň hersi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.



Okuw
kitabynyň başynda goşmak we aýyrmak amallary arkaly düzülen iki amally
mysallar, noly saklaýan iki amally mysallar, tekstli meseleler, sany birnäçe
birlikartdyrmaga degişli meseleler, sany birnäçe birlik kemeltmäge degişli
meseleler, tapawut boýunça deňeşdirmäge we geçilenleri berkitmäge degişli
ýönekeýje meseleler ýerleşdirilipdir.



Soňra
11-den 20-ä çenli sanlar, ululyklar, onluk düşünjesi, 11-iň, 12-niň alnyşy,
sanyň alnyşy, onluk hem-de birlik düzümleri bilen baglanyşykly goşmak we
aýyrmak, 13-üň alnyşy, 14-üň, 15-iň alnyşy, 16-nyň, 17-niň alnyşy, 18-iň, 19-yň
alnyşy, 20-niň alnyşy, birbelgili we ikibelgili sanlar, sanlaryň dürli tertipde
goşulyşy, wagt birligi, sagat, uzynlyk, garyş, ädim, santimetr we ş.m.
temalarda sadadan çylşyrymla tarap ugrukdyrylan düşünjeler biri-biriniň üstüni
ýetirýärler.



Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň



okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi



 

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25