UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XI SYNPY ÜÇIN «FRANSUZ DILI (II DAŞARY ÝURT DILI)» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda umumybilim berýän orta mekdepler üçin daşary ýurt dilleri boýunça innowasion okuw maksatnamalarydyr okuw kitaplary taýýarlanylýar hem-de okuw işine ornaşdyrylýar.

Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin «Fransuz dili (II daşary ýurt dili)» okuw kitabynyň (awtorlary: M.Pürjäýewa, A.Jumageldiýewa, O.Gurtgeldiýewa, E.Orazmämmedow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr. Bu okuw kitaby tassyklanylan okuw maksatnamasyna doly laýyklykda taýýarlanyldy we neşir edildi. Kitap sekiz bölümden ybarat bolup, her bölümiň temasyna gabat gelýän tekstler, dialoglar, gönükmeler, grammatika boýunça maglumatlar berlipdir we olara degişli suratlar arkaly bezelipdir. Sözleri berkitmek üçin dürli gönükmeler ulanylypdyr. Kitapdaky tekstler, dialoglar, gönükmeler okuwçylaryň sözleýiş, okaýyş, yazuw endiklerini ösdürmäge güýçli itergi berer. Kitapdaky temalara degişli goşgularda, tekstlerde, grammatik we beýleki gönükmelerde okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary doly göz öňünde tutulypdyr. Okuw kitabynyň soňunda üç dilde sözlük berlipdir. Munuň özi sözlere düşünmäge, çalt öwrenmäge ýakyndan ýardam berýär.

Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin «Fransuz dili (II daşary ýurt dili)» okuw kitaby taýýarlananda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýetiniň häzirki zaman talaplaryndan ugur alnypdyr. Okuwçylara fransuz dilini öwretmekde mekdep mugallymlaryna bu kitabyň ähmiýeti örän uly bolar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasynda 1992-nji ýylyň 6-njy martyndan bäri üstünlikli alnyp barylýan diplomatik gatnaşyklar bar. Geçen döwrüň içinde iki döwletiň arasynda dürli ulgamlarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürildi. Fransuz kompaniýalary Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaşlarydyr. Bilelikde üstünlikli durmuşa geçirilen ençeme taslamalar munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Nebitgaz toplumy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, gurluşyk, suw serişdeleri, himiýa hem-de derman senagaty, oba hojalygy we beýlekiler türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hataryndadyr. Döwletimiz bularyň ählisi boýunça milli hünärmenleri taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär. Netijede, Türkmenistanda fransuz diliniň öwrenilmeginiň ähmiýetli taraplary aýdyňlaşýar.

Galyberse-de, fransuz dili dünýäde iň köp ulanyjyly (2024-nji ýylyň hasaplamalaryna görä, dünýäniň 130 ýurdundan 343 million adamyň gürleýän dilidir) bäş diliň (iňlis, hytaý, hindi, ispan) biridir. Ol BMG ýaly abraýly iri halkara guramalaryň hem birnäçesiniň resmi dilleriniň biridir. Şeýle hem ol edil iňlis dili ýaly dünýäniň çar künjeginde giňden ulanylýan dildir. Fransuz halky, onuň medeniýeti, sungaty, edebiýaty, ylymda, bilimde, tehnologiýada, binagärlikde ýeten derejesi hemişe-de nusgalykdyr. Kämillige ymtylýan her bir adam, ilkinji nobatda, bu halkyň adamzat mirasyna goşan gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmalydyr. Döwletimiz munuň üçin ähli mümkinçilikleriň gapysyny giňden açyp berendir.

Milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyz ebedidir.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25