«FIZIKI ULULYKLARYŇ BIRLIKLERINIŇ HALKARA SISTEMASY YLYMDA, BILIMDE WE TEHNIKADA»
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletara ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň halkara standartlaryna laýyk gelmegine, olaryň bäsdeşlige ukyply bolmagyna uly üns berilýär. Bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda häzirki zaman standartlaşdyryş sistemasy döredilýär we ösdürilýär.
Döwlet etalon merkeziniň döredilmegi ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda, öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmekde uly orun tutýar. Ýurdumyzyň metrologiýa sistemasy «Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tarapyndan kadalaşdyrylýar.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Fiziki ululyklaryň birlikleriniň Halkara sistemasy ylymda, bilimde we tehnikada» atly okuw gollanmasy (awtorlary: Ö.Atdaýew, G.Esenowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025, 160 sah.) neşir edildi. Okuw gollanmasynda fiziki ululyklaryň birlikleriniň ölçegleriniň we sistemalarynyň özgeriş taryhy we birlikleriň Halkara sistemasynyň döreýşi barada gymmatly maglumatlar berilýär. Halkara sistemasynyň esasy, goşmaça, önüm, sistemalara girmeýän, şeýle-de wagtlaýynça ulanmaga rugsat berilýän birlikleriň sanawy getirilýär, degişli düşündirişler berilýär. Fiziki ululyklaryň we olaryň birlikleriniň ulanylyşynyň düzgünleri beýan edilýär.
Bu okuw gollanmasy ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary üçin niýetlenilen hem bolsa, ondan okuwçylar we beýleki giň okyjylar köpçüligi hem peýdalanyp bilerler.