ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «NAZARY MEHANIKA» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Türkmenistanyň Bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde kämil zehinli, aýdyň pikirli, döredijilik ukyply, watançylyk ruhunda terbiýelenen başarjaň ýaşlary taýýarlamakda, bilimiň esasy çeşmesi bolan okuw kitaplarydyr okuw-usuly gollanmalary öz milli dilimizde taýýarlamagyň ähmiýeti örän uludyr.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Nazary mehanika» okuw kitaby (awtorlary: A.Bazarow, M.Almazow, A.Işangulyýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025, 432 sah.) neşir edildi. Bu okuw kitabynyň esasy wezipesi häzirki zaman tehnikasynyň inženerleriň öňünde goýýan mehaniki hereket we özara mehaniki täsir bilen bagly köp sanly meseleleri özbaşdak çözmäge, mehaniki hereketiň umumy kanunlaryny we kanunalaýyklyklaryny öwrenmäge ýardam bermekden ybaratdyr.
Okuw kitabynda «Statika», «Kinematika», «Dinamika» we «Analitiki mehanika» atly bölümler jemi 14 sany baby öz içine alýar we olarda maglumatlar giňişleýin beýan edilýär.
Mehanikada seredilýän meseleleriň gerimi örän giň bolup, ylmyň ösmegi bilen özbaşdak ugurlar ýüze çykýar. Bu ugurlara mysal hökmünde maýyşgaklyk nazaryýetini, gidromehanikany, aeromehanikany, gazyň dinamikasyny, şeýle-de, amaly mehanikanyň: materiallaryň garşylygy, binalaryň statikasy, mehanikanyň we maşynlaryň nazaryýeti, gidrawlika ýaly bölümlerini görkezmek bolar. Bu ugurlarda özlerine mahsus bolan kanunalaýyklyklardan daşary mehanikanyň umumy kanunlary, taglymatlary we usullary ulanylýar.
Bu okuw kitaby tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenip, ondan tehniki ugurly ylmy işgärler hem peýdalanyp bilerler.
Ýurdumyzda ýaşamak, işlemek, döretmek üçin uly mümkinçilikleri dörediji Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Bilim ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri, hemaýat-goldawlary üçin hem köp sagbolsun aýdýarys.