Türkmenistanyň we Somali Respublikasynyň arasynda bilim hyzmatdaşlygy giňeldilýär

2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Fathudin Ali Mohamedi kabul etdi. Duşuşykda taraplar soňky döwürde iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellediler.

Ministrlikleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny döretmek boýunça pikir alşylyp, ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtda, Somali tarapyndan bilim ministriniň 2025-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljek halkara maslahata gatnaşmagy teklip edildi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 30 ýyllygynyň hem-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” çäklerinde bu hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanyň bilim diplomatiýasynyň parahatçylyk, ynanyşmak we özara hormat ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, bu ýörelgeleriň halkara hyzmatdaşlygynyň berk binýady bolup hyzmat edýändigini bellediler.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25