Dohada «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri» atly halkara ylmy maslahat geçirildi
27 — 30-njy aprel
aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory
O.Öwezsähedowyň hem-de Türkmenisytanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly
adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedowyň
Katar Döwletine iş sapary amala aşyryldy.
28-nji aprelde Bilim şäherçesinde ýerleşýän Hamad bin Halifa uniwersitetinde
Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň uniwersitet bilen bilelikde
guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň
döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri» atly halkara ylmy
maslahat geçirildi.
Halkara ylmy maslahatyň esasy maksady türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen
«Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklaryndaky täze
filosofiýanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlarynyň üstünlikli
durmuşa geçirilişini we Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk söýüjilik garaýyşlary
bilen döwürleriň, nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanşygy açyp
görkezmekden ybarat boldy. Onuň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersiteti bilen Katar uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim babatda
hyzmatdaşlyk etmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, saparyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýeti bilen Hamad bin Halifa we Katar
uniwersitetleriniň hem-de Kataryň Milli kitaphanasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda
ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda ylym, bilim ulgamlarynda
hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de gadymy golýazmalary bilelikde öwrenmegiň
mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň rektorynyň Katar uniwersitetiniň rektory bilen geçirilen
duşuşygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitet bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary barada özara pikir alyşmalar
boldy.
«Magtymguly
Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri» atly halkara
ylmy maslahatyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi beýik akyldar şahyryň
döredijiliginiň hem-de ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän parahatçylyk we ynanyşmak
taglymatynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Magtymguly
adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Şeýle hem
okaň: Turkmenportal