Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Ýeňiş güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

2-nji maýda
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim
ministrligi bilen bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
we 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli
«Beýik Ýeňşiň gahrymanlary — watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň nusgalyk
mekdebi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.



Ylmy-amaly
maslahat umumy mejlisde we «Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlary –
merdanalygyň we edermenligiň nusgasy», «Türkmen halkynyň milli we medeni gymmatlyklaryny
goramakda kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti», «Filologiýa
ylmy: türkmen dilini we edebiýatyny täze nazaryýet esasynda öwrenmegiň
meseleleri», «Dünýä dillerini we edebiýatyny öwrenmekde öňdebaryjy usullaryň
orny», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iňlis dilini we
edebiýatyny täzeçil usullar arkaly öwretmegiň ylmy esaslary», «Himiýa
senagatynyň häzirki zaman ösüşinde innowasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň
ähmiýeti», «Türkmenistanyň biodürlüligini gorap saklamagyň we köpeltmegiň ileri
tutulýan meseleleri», «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň esasy ugry: daşky
gurşawy goramagyň milli we dünýä tejribesi», «Maglumat tehnologiýalary
ulgamynyň kämilleşdirilmegi — takyk ylymlaryň ösdürilmeginiň möhüm şerti»,
«Ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde sanly bilim ulgamynyň
kämilleşdirilmeginiň orny», «Fizikanyň we nanotehnologiýanyň gazananlarynyň
önümçilige ornaşdyrylmagynyň amaly ähmiýeti» atly bölümçelerde dowam etdi.



Maslahatda
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralardan we beýleki
edara-kärhanalaryndan gatnaşan professor-mugallymlaryň, alymlaryň, ylmy
işgärleriň, hünärmenleriň, aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň we
talyplaryň ylmy, ylmy-amaly we ylmy-usuly häsiýetdäki çykyşlarynyň 480-e golaýy
meýilleşdirilip diňlenildi.



Çykyş
edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäde parahatçylygy giňden
ýaýbaňlandyrmakda alnyp barylýan işler barada buýsanç bilen bellediler.
Şöhratly pederlerimiziň beýik ynsanperwer däplerine esaslanýan bu syýasat
häzirki wagtda anyk işlerde öz beýany tapýar. Şeýle hem çykyşlarda Beýik Ýeňiş
gününi ýakynlaşdyran milli gahrymanlarymyzyň arasynda Berdimuhammet Annaýewiň
hem bolandygy, onuň gahrymançylyk ýolunyň nesiller üçin nusgalyk mekdep bolup
durýandygy barada buýsanç bilen bellenildi.



Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25