OKAMAK – AŇYŇ HEM RUHUŇ KÄMILLIGI

Mary şäheriniň
umumybilim berýän 36-njy orta mekdebinde Mary welaýat çagalar kitaphanasy bilen
bilelikde “Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň kitap hazynasy we mekdep
okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini elektron tehnologiýanyň mümkinçilileri
bilen utgaşdyrmak” atly geňeş-maslahaty geçirildi. Bu maslahata mekdep
okuwçylary we mekdep kitaphanaçylary gatnaşdylar.



Maslahaty
Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory E.Gurbanmyradowa açdy we
maslahatyň dowamynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmeni Maksat
Ýakubow, Mary şäheriniň umumybilim berýän 36-njy orta mekdebiniň müdiri Begenç
Alyýew dagy 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan
edilmegi mynasybetli hem-de Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk
görülýän döwründe mekdep kitaphanalarynyň ösüp gelýän ýaş neslimiziň giň
gözýetimli, çuňňur düşünjeli, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin olarda
kitap okamak endigini ösdürmek, kitaba söýgi döretmek boýunça alyp barýan
işleri barada täsirli gürrüň berdiler.



Mary
şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiniň
kitaphanaçysy Akjemal Hommyýewanyň “Okyjylarda kitap okamaga gyzyklanma we
höwesini artdyrmak”, Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň bölüm müdiri Ýazsoltan
Jumadurdyýewanyň “Kitaphanalarda sanly ulgamyň ähmiýeti”, Mary şäheriniň
ýöriteleşdirilen 16-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Aýbölek Amangeldiýewanyň
“Okyjylara döwrebap kitaphana hyzmatyny guramak” atly çykyşlary maslahata
gatnaşyjylar üçin tejribe sapaklary hökmünde guraldy.



“Ýaşlaryň
geljegine nur çaýýan kitaplar” atly kitap sergisini mekdep okuwçylary,
maslahata gatnaşyjylar uly gyzyklanma bilen synladylar.



Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň



okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25