Okuwçylarda oňyn endikleri terbiýelemek

Okuwçynyň
oňat okamagy we berk bedenli, sagdyn hem şähdaçyk bolmagy üçin gün tertibini
dogry berjaý etmegi zerurdyr.
Ol irden turmaly, irki
maşklary ýerine ýetirmeli we ertirlik edinmeli. Okuwçy günde şol bir wagtda
turmagy öwrenmeli. Bular barada okadýan 2-nji synp okuwçylarymyz bilen
ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça guraýan sapaklarymyzda pikir alyşýarys.
Okuwçylara gün tertibini doly berjaý etmegiň öz-özüňi oňat terbiýelemäge,
maşklary ýerine ýetirmegiň bolsa, bedeniň sagdyn ösmegine kömek edýändigi
dogrusynda düşündirýäris. Ýörite multimedia tagtasynda çagalaryň maşk edýän
pursatlaryna ünsi çekýäris. Çagalaryň maşkdan soňky ýagdaýlary, maşk edýän
çagalaryň saglyk ýagdaýlary baradaky wideoşekilleri görkezýäris. Soňra bolsa
okuwçylar bilen irki maşklary ýerine ýetirýäris.



Synp otagynyň howasyny çalşyp durmagyň saglyk üçin örän peýdalydygy
hakynda okuwçylara düşündirýäris we günde okuwçylardan düzülen nobatçylary
belleýäris. Sagdyn ýaşaýyş üçin arassa howanyň zerurdygyny nygtap, okuwçylara
synp otagyny arassa saklamalydygyny, wagtynda tozanyny aýyrmalydygyny, otag
güllerini suwlandyryp durmalydygyny öwredýäris we bu işleri bilelikde ýerine
ýetirýäris. Şeýle işleri okuwçylaryň özleri bilen ýerine ýetirmek, elbetde,
çaganyň zähmete bolan ukybyny artdyrýar. Munuň üsti bilen okuwçylarda
birek-biregi goldamak, kömek etmek ýaly düşünjeleri, oňyn endikleri döredip
bolýar.



Mekdebiň daş-töweregindäki agaçlaryň synp otagynyň howasyny
arassalaýandygyna hem okuwçylaryň ünsüni çekýäris. Agaçlara we ösümliklere hiç
hili zyýan bermeli däldigini, başardygyňdan suw berip, ideg etmelidigini
öwredýäris. Okuwçylaryň ünsüni şeýle peýdaly işlere çekmek üçin olara gysgajyk
ertekileri, hekaýalary hem gürrüň bermek bolýar.



Okuwdan boş wagtlarynda okuwçylaryň sport bilen meşgullanmagyň peýdaly
taraplaryna aýratyn ünsi çekýäris. Sport bilen meşgullanmak bilen öz bedenimizi
taplaýandygymyz, saglygymyzy has hem berkidip, ruhubelent bolýandygymyz hakynda
düşündirýäris. Ir bilen ylgamagyň, okuwdan soň futbol oýnamak, welosiped sürmek
ýaly kiçi ýaşly çagalar üçin sport oýunlarynyň ähmiýetli taraplary barada
gürrüň berýäris. Şu ýerde okuwçylar bilen söhbetdeşlikleri guraýarys. Mysal
üçin, «Okuwçylar, sportuň haýsy görnüşlerini halaýarsyňyz we
meşgullanýarsyňyz?», «Sport size nähili täsir edýär?» diýen ýaly sowal-jogaplar
alyşmak çagalarda uly täsir galdyrýar.



Uzukjemal HOMMADOWA,

Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy

Çeşmesi: Turkmenmetbugat

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25