Maslahat duşuşygy geçirildi


2025-nji ýylyň aprel aýynyň 30-na Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda 2025 ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, mynasybetli «Dillerde Arkadaga alkyş bar, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahat duşuşygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri Gurbanmyrat Muhammedow,  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat-Türkistan ýagny Gazagystan Respublikasynda, Gyrgyzystan Respublikasynda hem-de Özbegistan Respublikasynda bolan dostlukly sapary dogrusynda, 2025-nji ýylyň nyşanyndaky her bir şekiliň aňladýan manysyny ýaşlara düşündirmek barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25