Taslama işlerimiz halkara sergilerinde ýaýbaňlandyrylýar
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 21-23 aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy we talyplary BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen GOTECH 25 "Energiýa, tehnologiýa, innowasiýa" halkara sergisine gatnaşdylar. Halkara sergä nebitgaz pudagynda innowasion çözgütler, känleri özleşdirmek, energiýany özgertmegiň tehnologiýalary, daşky gurşawa uglerod zyňyndylaryny azaltmak ýaly ugurlar boýunça kompaniýalar öz önümleri bilen gatnaşdylar. Serginiň çäklerinde halkara ylmy maslahat birnäçe bölümçelerde işini dowam etdirdi.
Sergide Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary tarapyndan taýýarlanan “Ýelli etraplarda, ýeliň energiýasyndan elektrik energiýasyny öndürýän, binalaryň üstünde ulanmak üçin niýetlenilen innowasion ýel elektrik desgasynyň" taslama maketleri tanyşdyryldy. Ondan başga-da “Buraw turbasyndaky boşlukdan howany gysyp çykarmak üçin enjamyň” makedi sergide görkezildi.
Serginiň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurluşy, taýýarlaýan hünärleri, tejribehanalary we alyp barýan ylmy işleri barada sergä gatnaşyjylara tanyşdyryldy. Taslama işler boýunça sergä gatnaşan dürli kompaniýalaryň inženerleri bilen pikir alşyldy. Bu innowasion tehnologiýasynyň ekologik taýdan zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesi bolup durýandygy bellenildi.
GOTECH "Energiýa, Tehnologiýa Innowasiýa" sergisinde görkezilen taslama işleri bilen işjeň gatnaşan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparyna minnetdarlyk haty we ýadygärlik nyşany gowşuryldy.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda we ylym-bilim ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Muhammetniýaz Gurdow Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy