ÝAŞLARYŇ GELJEGINE NUR ÇAÝÝAN KITAPLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap bilim özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek, olary hünäre ugrukdyrmak bilim ulgamynyň baş wezipesi bolup durýar. Muňa Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda ýörite işlenip düzülen meýilnama laýyklykda ýurdumyzda alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen häzirki wagtda umumybilim berýän mekdeplerde kitaba, kitaphana işine berilýän üns has-da güýçlendirildi. Bilim edaralarynyň kitaphanalarynda maddy enjamlaýyn binýady innowasiýalara esaslanýan bilimler çeşmesiniň elektron merkezleri döredildi. Çünki kitap – ynsan üçin ruhy hazyna, kitap ynsanyň bilimini artdyrýar, aňyny özgerdip, gözýetimini giňeldýär. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýen gyzyla gaplaýmaly setirleri bilim işgärlerine ýakyndan ýardamçy bolýar. Kitap okamak bilen ýaşaýşa bolan garaýyş düýpli özgerýär.
Ahal welaýatynyň bilim ojaklarynda hem Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerde kitaba bolan sarpany, höwesi ösdürmek dogrusynda okuwçylaryň arasynda çeper okaýyş bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär, ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyklar guralýar. Bu amala aşyrylýan işler ýaş nesillerimize özüniň oňyn netijelerini berýär. “Men hem şolar ýaly ýazyjy ýa-da şahyr bolsam!” diýip edilýän arzuwyň özi bu işleriň ýerine düşen işlerdigini mese-mälim görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Kitaphana – ýurdumyzyň medeni-bilim babatda ýeten derejesiniň, ilatyň paýhas ösüşiniň görkezijisi” diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde kitap okamak işi has-da kämilleşdi. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň – kompýuterleriň we ykjam telefonlaryň kömegi arkaly elektron görnüşde kitaplary okamak mümkinçiliginiň elýeter ýagdaýy döredi.
Döwrebap sanly tehnologiýany ulanmak arkaly elektron kitaplar bilen işlemek okyjylaryň gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar. Ynsan ruhunyň hazynasy, paýhas çeşmesi, umumyadamzat hakydasynyň aýrylmaz bölegi bolan kitaplar ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Kitap – geçeni, geljegi öwredýän dana” diýen gymmatly jümlelerinden ugur alyp mekdep kitaphanaçylary ösüp gelýän ýaş nesilleriň söz baýlygynyň, sözleýiş endiginiň kämilleşmegi üçin kitap okamagy endik edinmegi wagyz edýärler. Çünki kitap pikirleriň şasy we ylymlaryň çeşmesidir.
Bilim işgärleriniň döredijilikli işlemekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaç alsyn!