ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «NOKATLAÝYN OWKALAMA» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Häzirki döwürde Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşynda az hereketlilik agdyklyk edýär. Şäher ýaşaýjylaryna teklip edilýän işleriň köpüsi bedene gerek bolan fiziki agramlyklaryň ýarysyny-da almaýar, olaryň aglabasy «oturyp» işleýänler, ol bolsa «menejeriň sindromy» diýilýän kellagyrylara, kesellere garşy göreşiň peselmegine, muskullaryň umumy tonusynyň peselmegine, oňurga keselleriniň döremek howpuna getirýär.

«Bu meselelerde bize owkalama kömek eder» diýlip, ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin neşir edilen «Nokatlaýyn owkalama» okuw kitabynda (awtorlary: K.Ilmyradow, O.Saparmyradowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025, 176 sah.) bellenilýär. Owkalama daşky gurşawyň amatsyz şertlerinde bedeniň kesellere umumy garşylygyny güýçlendirýär, şonuň netijesinde adam strese durnukly bolýar we nerw dartgynlygy bilen baglanyşykly kän meseleleri ýeňmäge ukyby artýar. Bejeriş serişdesi hökmünde owkalama – bogun agyryda, poliomiýelitde, semizlikde, daýanç‑hereket ulgamynyň kesellerinde, artritde, gan basyşynyň bozulmalarynda, newrasteniýada, çakyzada, ukusyzlykda, demgysmada, ruhy bozulmalarda has giňden ulanylýar.

Şonuň netijesinde bedende ak gan öýjükleriniň we antitelalaryň emele gelmegi ýokarlanýar, ýagny immun ulgamy berkeýär, şeýle hem bedeniň wiruslar we başga ýokançlar bilen göreşmäge bolan mümkinçiligi ýokarlanýar. Mundan başga-da, muskullaryň tonusy kadalaşýar, şonuň netijesinde umumy ýagdaý gowulaşýar.

Owkalama owkalanýan beden üçin daşky gurşawyň dürli täsirlerine uýgunlaşmaga ýardam edýär, her günki owkalamanyň bütin bedene amatly täsiriniň belli bahasy ýokdur. Şu emiň netijesinde kislorodyň akymy we iýmit maddalaryndan ýaşaýyş energiýasynyň işlenilmegi güýçlenýär, bu bolsa şähdaçyklyga getirýär. Şeýle-de bedenden zäherleýji maddalaryň işjeň çykarylmagyna kömek edýär. Owkalama Gündogar ýurtlarynda döräp, bize, esasan, hytaý halkynyň bejeriş usulyndan gelip ýetipdir. Gadym döwürlerde Gündogar ýurtlarynyň bejeriş usulyny düşnüksiz we elýeter däl hadysa görnüşinde kabul edipdirler. Gündogar bejeriş usulyna ýüzlenen adamlary bolsa, kemakyl hasaplapdyrlar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen ýagdaý üýtgeýär we XX asyryň başynda Günbatarda iňňe sanjymynyň we owkalamanyň dürli görnüşleri, şol sanda nokatlaýyn owkalamanyň kömegi bilen bejeriş usullary barada kitaplar ýazylyp başlanypdyr.

Hytaý lukmanlarynyň düşünjesi boýunça, adam bedeni – bu energetiki ulgam bolup, onuň işini kesgitli usullaryň kömegi bilen sazlamak mümkin. Biziň bedenimiz öz-özüni sagaltmaga ukyplydyr. Şonuň üçin onuň tebigy sagaldyjy güýjüni dogry dolandyrmagy öwrenmek häzirki döwürde zerur wezipeleriň biridir. Bu babatda nokatlaýyn owkalamanyň ygtybarly serişde bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25