UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ I SYNPY ÜÇIN «MATEMATIKA (II KITAP)» OKUW KITABYNYŇ NOBATDAKY NEŞIRI

Ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalmagyny üpjün etmek meselesi döwlet tarapyndan ileri tutulýan meseleleriň hatarynda durýar. Biz çagalarymyzyň has zehinli, ugurtapyjy, zähmeysöýer, Watançy, ilhalar şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda gije-gündiz irginsiz alada edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyşlary aýdýarys.

Ýaňy-ýakynda dördünji gezek neşir edilen «Matematika (II kitap)» okuw kitaby (awtorlary: G.Atabaýew, N.Öwezowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) häzirki wagtda ulanylyp ýörlen «Matematika (I kitap)» okuw kitabynyň dowamydyr. Şonuň üçin bu kitap geçilenleri gaýtalamakdan başlanýar. Onuň 1-nji synp okuwçylarynyň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda güýçýeterli bolmagy, ýadynda oňat galmagy, çaganyň ünsüni özüne jemlemegi üçin bezegçilik (dizaýn) tarapyndan uly işler ýerine ýetirilipdir. Mysaldyr meseleleriň hersi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Okuw kitabynyň başynda goşmak we aýyrmak amallary arkaly düzülen iki amally mysallar, noly saklaýan iki amally mysallar, tekstli meseleler, sany birnäçe birlikartdyrmaga degişli meseleler, sany birnäçe birlik kemeltmäge degişli meseleler, tapawut boýunça deňeşdirmäge we geçilenleri berkitmäge degişli ýönekeýje meseleler ýerleşdirilipdir.

Soňra 11-den 20-ä çenli sanlar, ululyklar, onluk düşünjesi, 11-iň, 12-niň alnyşy, sanyň alnyşy, onluk hem-de birlik düzümleri bilen baglanyşykly goşmak we aýyrmak, 13-üň alnyşy, 14-üň, 15-iň alnyşy, 16-nyň, 17-niň alnyşy, 18-iň, 19-yň alnyşy, 20-niň alnyşy, birbelgili we ikibelgili sanlar, sanlaryň dürli tertipde goşulyşy, wagt birligi, sagat, uzynlyk, garyş, ädim, santimetr we ş.m. temalarda sadadan çylşyrymla tarap ugrukdyrylan düşünjeler biri-biriniň üstüni ýetirýärler.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25