ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN NEŞIR EDILEN TÄZE OKUW KITABY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda beýik işleri amala aşyrmagy dowam edýär. Şeýle işleriň hatarynda oba hojalyk ulgamyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak üçin oba hojalygyna degişli orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanylýan hünärmenleriň bilim derejelerini ýokarlandyrmak hem talap edilýär.
Ýaňy-ýakynda neşir edilen «Topragy öwreniş we oba hojalyk meliorasiýasy» okuw kitaby (awtorlary: Ý.Ataýew, B.Babaýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025, 184 sah.) orta hünär okuw mekdepleri üçin niýetlenendir. Okuw kitaby girişden, 17 bölümden, adalgalaryň sözlüginden, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat bolup, olarda gymmatly maglumatlar beýan edilipdir.
I bölüm «Topragy öwreniş we oba hojalyk meliorasiýasy dersi, onuň esasy maksady. Toprak emele getiriji tebigy şertler», II bölüm «Topragyň organiki bölegi», III bölüm «Topragyň täsirleşmesi, aşgarlylygy we turşulygy», IV bölüm «Topragyň fiziki-mehaniki häsiýetleri», V bölüm «Topragyň howa, ýylylyk häsiýetleri we düzgüni», VI bölüm «Topragyň ýer üstüniň zaýalanmagy we oňa garşy göreş çäreleri», VII bölüm «Çöl zolagynyň çägeli topraklary», VIII bölüm «Takyr topraklar», IX bölüm «Toprak kartalary. Oba hojalygynda toprak kartalarynyň ähmiýeti», X bölüm «Ýerleriň meliorasiýasy», XI bölüm «Suwaryş meliorasiýalary we suwaryş ulgamlary hakynda umumy maglumatlar», XII bölüm «Oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň usullary we tehnikasy», XIII bölüm «Ýagyş ýagdyryp suwarmak usuly hem-de ýagyş ýagdyryjy maşynlaryň we gurallaryň görnüşleri», XIV bölüm «Suwaryş ýaplary we ulgamlary», XV bölüm «Açyk suwaryş ulgamlarynyň gurluşlary», XVI bölüm «Suwarymly ýerleriň şorlaşmagynyň sebäpleri we olara garşy geçirilmeli çäreler», XVII bölüm ««Altyn asyr» Türkmen köli we onuň ähmiýeti» diýlip atlandyrylýar we her bölüm öz öňünde goýlan soraglara degişli düşnükli dilde gymmatly maglumatlary beýan edýär.
Okuw kitabynda ýurdumyzda duş gelýän esasy topraklaryň gelip çykyşy, özgerişi, himiki we mehaniki düzümi, ekerançylykda ulanylyşy barada gerekli maglumatlar berilýär. Şeýle-de onda topragyň genetiki gatlaklarynyň gurluşynyň aýratynlyklary, fiziki-mehaniki häsiýetleri we olary gowulandyrmagyň usullary şöhlelendirilýär.
Ajaýyp zamanada işlemek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Bilim ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri, hemaýat-goldawlary üçin hem köp sagbolsun aýdýarys.