Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesli kemala getirmek, ýaşlary ylyma çekmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak we bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 14-nji we 25-nji aprelinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşik geçirildi.

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça geçirilen “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşik şahsy bäsleşik görnüşinde iki tapgyrda geçirildi. Onuň I tapgyryna,  ähli welaýatlar we Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça mekdep okuwçylary onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylara himiýadan hödürlenen ýumuşlar test görnüşinde orta mekdepleriň okuw maksatnamasynyň esasynda uniwersitetde döredilen guramaçylyk topary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Bäsleşigiň I tapgyryna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden jemi 461 okuwçy gatnaşdy. Okuwçylaryň toplan ballary  boýunça bäsleşigiň I tapgyrynyň netijeleri jemlenildi.

I tapgyryň netijesi boýunça 126 sany zehinli, öňe saýlanan okuwçylar, 2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bäsleşigiň II tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

II tapgyra gatnaşan okuwçylaryň ýerine ýetiren ýumuşlarynyň netijeleri emin agzalary tarapyndan seljerildi we barlanyldy. Eminler toparynyň çykaran netijesi esasynda ýeňiji diýlip yglan edilen okuwçylara uniwersitetiň rektorynyň adyndan 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar gowşuryldy. Ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen mekdep okuwçylary uniwersitetiň fakultetleri, okuw binalary, tejribehanalary, muzeýleri we sport toplumy bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Gowy netijeleri görkezen okuwçylar mekdebi tamamlanlaryndan soň uniwersitetde öz okuwlaryny dowam etdirmeklige çagyryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25