HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASY DOWAM EDÝÄR

Ozal habar berlişi ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilýän II halkara matematika olimpiadasy badalga aldy. 23-nji aprelde ― günüň birinji ýarymynda mekdep okuwçylary olimpiadanyň şahsy bäsleşigine gatnaşdylar. Şunda olimpiadanyň diýseň guramaçylykly, ýokary taýýarlykly, adalatly geçirilendigini bellemek gerek. Ýaş matematikleri türkmen paýtagtynda duşuran halkara bäsleşigiň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin ähli şertler döredilipdir.
Olimpiada bilen ugurdaşlykda, wekiliýetleriň ýolbaşçylary bäsleşigiň geçirilýän bilim ojagynda okuw-terbiýeçilik işiniň guralyşy bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkyna aýlanyp gördüler. Munuň özi halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Günüň ikinji ýarymynda wekiliýetleriň ýolbaşçylarydyr olimpiada gatnaşyjy okuwçylar paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine, şeýle hem «Nusaý» medeni-taryhy ýadygärligine aýlanyp gördüler. Bu gezelençler olimpiadanyň köpöwüşginli meýilnamasynyň ýatda galyjy çäreleriniň biri boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25