Halypa mugallymyň sarpasy
- (Çörek)
Halkyň arasynda durmuşa geçiren asylly işleri bilen tanalýan, hormat bilen ýatlanylýan ynsanlaryň geçen ömürlerinden görelde alýarsyň. Durmuşa geçirilen asylly işler uly hormat bilen ýatlanylýar, haýyrly işler halkyň ýadyndan çykmaýar.
Bu barada Magtymguly Pyragy:
Adam ogly bu dünýäge gelensoň,
At bilen abraýy alan ýagşydyr —
diýip ýazypdyr. Ýagşylygy ömrüne ýaran edinen ynsan il arasynda abraý-mertebä eýe bolýar, bitiren işleri bilen adamlaryň kalbyna, hakydasyna aralaşmagy başarýar. Şeýle ynsanlaryň biri hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Jumageldi Mämmetgeldiýewdir.
Jumageldi Mämmetgeldiýew il arasynda halypa mugallym hökmünde tanalýar. Ol 1951-nji ýylyň 20-nji aprelinde Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň B.Öwezow geňeşliginde Mämmetgeldi aga bilen Arazsoltan ejäniň agzybir maşgalasynda dogulýar. Alty doganyň arasyndan özüniň zehini bilen çagalygyndan tapawutlanan Jumageldi Görogly etrabyndaky 15-nji orta mekdepde 1958 — 1968-nji ýyllarda okap orta bilim alýar.
Halkymyzda «Adam arzuwsyz bolmaz, guş ganatsyz bolmaz» diýen nakyl bar. Ynsan ömri belent maksatlardan ybarat. Durmuşda maksatly ýaşamak adamy ýagty geljege atarýar. Ol ýagşy arzuwlar bilen orta mekdebi üstünlikli tamamlanyndan soňra, 1969-njy ýylda etrabyň 15-nji orta mekdebinde terbiýeçi bolup işe başlaýar. 1971-nji ýylda Daşoguz şäherindäki hünäri ýokarlandyryş 2 ýyllyk tehnikumda okap, şol mekdepde kärini dowam etdirýär. Soňra 1976-njy ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň taryh fakultetine okuwa girýär. Ol 1981-nji ýylda okuwy üstünlikli tamamlap, etrabyň 15-nji orta mekdebinde taryh mugallymy bolup işe başlaýar. Şondan bäri hem şol mekdepde zähmet çekip, okuwçylara bilim we edep-terbiýe berýär. Ýeri gelende bellesek, ol meniň hem halypa mugallymym.
Adamyň göwnüni götermek, hoş söz diýmek iň oňat gylyk-häsiýetleriň biridir. Bu barada şahyr Kerim Gurbannepesowyň:
Aga aglap, gülkä gülüp bilmese,
Geýim dek kirlärmiş adam ynsaby —
diýen setirleri bar. Jumageldi mugallym hem şeýle häsiýetleri durmuş hemrasyna öwürýär.
Okuwçy wagtlarym Jumageldi mugallym: «Okuwçylar, hiç haçan ýatdan çykarmaň, ynsan ýaradylanda päk ýaradylandyr. Il içinde: «Çaga ýaly päk zat ýok» diýilýän gürrüň bardyr. Erbet adam ýok, erbet gylyk-häsiýet bar. Ikisini hiç haçan garyşdyrmaň. Elmydama gowulyga tarap özgereliň. Ýer şary gowy adamlaryň hasabyna aýlanyp durandyr» diýip gaýtalardy.
Ol röwşen geljegimiziň ertiri bolan ýaş nesillerimiziň edep-terbiýeli bolmagy ugrunda birnäçe öwüt-ündewleri berýär, ýaşlary ylma höweslendirmekde yhlasyny gaýgyrmaýar.
Halypa mugallym hormatly Prezidentimiziň parasatly pikirlerini uly buýsanç bilen okuwçylarynyň aňyna guýýar. Ol özüniň okadýan dersini okuwçylar bilen etrabyň çägindäki taryhy ýadygärliklere gezelençleri guramak bilen baýlaşdyrýar. Mundan başga-da, ol etrapda, welaýatda özüniň ylmy-usuly işleri bilen çykyş edýär.
Ol: «Ata-babalarymyzyň bize galdyran edep-terbiýe we ahlak gymmatlyklaryny ýaşlara giňden düşündirmek hem-de terbiýelemek mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Pederlerimiziň wesýetlerine wepaly bolmak, Watanyň, halkyň bähbitleri üçin halal zähmet çekmek, ýaşamak, işlemek, kämil şahsyýet bolup ýetişmek ýaşlaryň öňünde wajyp meseledir. Şeýle belent ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň iň ýokary nusgalary ýaşlaryň durmuş ýoluny, geljegini ýagtylandyrjak şamçyragdyr» diýip, uly buýsanç bilen belleýär.
Çaga edebi durmuşyň aýrylmaz bölegidir. Ýaş nesilleriň terbiýesiniň derejesi jemgyýetimiziň geljegini kesgitleýär. Mugallymyň her bir sözi çaga üçin özboluşly kadadyr. Oňat häsiýetler, päk zähmet bilen ösüp gelýän ýaş nesliň öňünde görelde bolmak mugallymyň borjudyr.
Jumageldi mugallym häzirki wagtda uly bir maşgalanyň maşgalabaşysy. Maşgalasy Amangül gelneje bilen 4 çagany — Maýagözeli, Myrady, Arazsoltany, Atageldini terbiýeläp ýetişdirdiler. Olaryň hemmesi ýokary bilimli, öz ugurlary boýunça halal zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Jumageldi mugallymyň 10 sany agtygy bar.
Ynsan ömrüniň manysy özünden soň ýagşy at galdyrmagyndadyr. Halkyň hakydasynda galmak üçin ýagşy işler bilen alkyş almagy başarmak gerek. Bu hakykat ata-babalarymyzyň gyşarnyksyz durmuş ýörelgesi, ýaşaýyş kadasy hökmünde nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri
Çeşmesi: Turkmenmetbugat