XII SYNP ÜÇIN «FRANSUZ DILI (II DAŞARY ÝURT DILI)» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurtlar bilen ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi, ylym-bilim ulgamlarynda alyş-çalyş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, halkara gatnaşyklarynyň çuňlaşmagy ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek üçin zerur şertler döredildi we bu ugra aýratyn üns berilýär. Umumybilim berýän mekdepler üçin daşary ýurt dilleri boýunça innowasion okuw maksatnamalary taýýarlanyldy hem-de okuw işine ornaşdyryldy. Dil öwrenmek hem-de öwretmek meselesi giň gerime eýe bolýar. Ylym-bilimi ösdürmek ýurduň, jemgyýetiň ýokary derejeli geljeginiň binýatlaýyn esasy hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli» Konsepsiýalarynda bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin biziň ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebäp usullaryny peýdalanmak bilen, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak babatda birnäçe giň gerimli işler alnyp barylýar.
Türkmenistan milli bilim ulgamyna dünýä standartlaryny ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. BMG-niň ÝUNISEF, ÝUNFPA, ÝUNDP, ÝUNESKO ýaly düzümleri bilen bilelikdäki işler alnyp barylýar. «Maglumatlar asyry» diýlip atlandyrylýan ХХI asyrda bilim tehnologiýalarynyň ösdürilmegine aýratyn talaplar bildirilýär. Munuň özi usulçy alymlary, mugallymlary okatmagyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemäge iterýär. Milli bilim ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna, okgunly ösüş depginine laýykdygyny aýdyň görkezýär.
Ýaňy-ýakynda umumy orta bilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin «Fransuz dili (II daşary ýurt dili)» okuw kitaby (awtorlary: J.Öwezowa, G.Toýlyýewa, H.Baýryýew, T.Çaryýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi. Bu okuw kitaby okuw dersiniň tassyklanylan okuw maksatnamasyna doly laýyk gelýär. Ol sekiz bölümden ybarat bolup, her bölümiň temasyna gabat gelýän tekstler, dialoglar, gönükmeler, grammatika boýunça maglumatlar berlipdir we olara degişli suratlar arkaly bezelipdir. Bu bolsa okuwçylaryň gepleşik, ýazuw endiklerini ösdürýär. Sözleri berkitmek üçin dürli gönükmeler ulanylypdyr. Tekstlere degişli maglumatlaryň fransuz dilindäki düşündirişleri hem berilipdir. Kitapdaky tekstler, dialoglar, gönükmeler okuwçylaryň okaýyş endiklerini ösdürmäge güýçli itergi berer. Öýe berlen işleriň maksady we şertleri anyk görkezilipdir. Kitapdaky temalara degişli goşgular, tekstler, grammatik we beýleki gönükmeler okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda güýçýeterli ölçegde berlipdir.
Okuw kitabynyň soňunda üç dilde sözlük berlipdir. Okuw kitaby taýýarlananda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýetiniň häzirki zaman talaplaryndan ugur alnypdyr. Okuwçylara fransuz dilini öwretmekde bu kitabyň ähmiýeti örän uludyr.
Okuw kitabynda temalara laýyklykda dürli ýumuşlaryň interaktiw usullarda berilmegi, okuwçylaryň fransuz dilini höwes bilen özleşdirmeklerine, okuw işiniň bolsa netijeliligini artdyrmaga ýardam eder. Bu bolsa okuwçylaryň geljekki durmuşynda fransuz dilinde okamak, ýazmak, erkin gürlemek ýaly endiklerini has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda edýän atalyk aladalaryna buýsanç bilen sagbolsun aýdýarys. Döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, okuwda, işde päk zähmetimiz bilen mynasyp jogap bereris, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine hem-de rowaçlanmagyna, parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere tarap ynamly öňe gitmegine mynasyp goşandymyzy goşarys.