X SYNP ÜÇIN «ARAP DILI (II DAŞARY ÝURT DILI)» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan bilim syýasatyna laýyklykda ýurdumyzda köp dilleri öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Köp dilleri öwrenmek boýunça döredilýän şertler ýurdumyzyň ýaş nesliniň dünýä derejesinde has-da bilimli bolmagyna, kämilleşmegine giň we aýdyň ýollary açýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň umumy orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň çuňlaşdyrylyp okadylmagyna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin bu umumy orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýady yzygiderli täzelenip, döwrebap enjamlar, okuw gollanmalarydyr kitaplar we sözlükler bilen üpjün edilýär. 

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ençeme mekdeplerde arap dili dersi girizilip, ol 5-nji synpdan ikinji daşary ýurt dili hökmünde okadylyp başlanýar. Häzirki wagtda arap dili öwredilýän mekdepleriň birnäçe synplary arap dili boýunça okuw kitaplary bilen doly üpjün edildi. Ýaňy-ýakynda bolsa 10-njy synp üçin “Arap dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: D.Ataýew, A.Ýazgulyýew, A.Garaýewa) Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi.

Okuw kitaby umumy orta bilim berýän mekdepleriň X synpynyň okuw maksatnamasyna laýyklykda 7 bölümden durýar. Olar: “Meniň maşgalam we men”, “Medeniýet we men”, “Jemgyýet we men”, “Meniň eziz Watanym”, “Tebigat we men”, “Syýahat we men” hem-de “Meniň geljegim we men” atly bölümlerden ybarat. Bu bölümlerde okuwçylar üçin gyzykly tekstler, gepleşikler, sözlükler, dil kadalary, gönükmelerdir ýumuşlar we tapmaçalar ýerleşdirilipdir.

Kitapda getirilen gepleşikler, tekstler we gönükmeler arap dilini özleşdirmeklige uly ýardam edip, okuwçylaryň gepleşik dilini we sözleýiş endiklerini baýlaşdyrmaga niýetlenendir. Bulardan başga-da, okuwçylar türkmen halkynyň myhman kabul ediş däpleri, türkmenleriň we araplaryň milli egin-eşikleri, iki halkyň milli gymmatlyklary, haýwanat we ösümlik dünýäsi hem-de tebigy gözel ýerleri barada sada arap dilinde düzülen tekstleri we gepleşikleri okap, baý maglumatlary alyp bilerler. Şeýlelik bilen okuwçylar bular barada hünär dilinde gürrüň bermäge mümkinçilik alarlar. Belli bolşy ýaly, arap dilini öwrenmeklik ýatkeşligi talap edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alanymyzda, bu tekstler okuwçylaryň ýatkeşligini ösdürmekde-de uly ähmiýetlidir. Kitapda her sapak bilen baglanyşykly şol tema degişli sözlükler ýerleşdirilipdir. Munuň özi hem okuwçylaryň söz baýlyklaryny artdyrmaga we arapça erkin gürleşmeklerine gowy mümkinçilikleri döreder.

Kitapda ýerleşdirilen tekstler degişli suratlar bilen hem üpjün edilipdir. Bu suratlar hödürlenilýän tekstlere dogry we aňsat düşünmeklige oňyn täsirini ýetirýär. Hödürlenilýän tekstler arap dili öwredilýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň 10-njy synp okuwçylarynyň dünýägaraýşyna laýyklykda terbiýeçilik, estetik taýdan has-da uly ähmiýete eýedir.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25