AŞGABAT ŞÄHERINDE MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ II HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Bolgariýa Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, şeýle hem Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden okuwçylaryň jemi 231-si, şeýle hem açylyş dabarasyna takyk bilim ugry boýunça ýurdumyzyň ussat mugallymlary bilen bir hatarda, ady agzalan ýurtlardan gelen mugallymlaryň 52-si gatnaşdy.

Bu halkara olimpiada gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetler halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy. Watanymyzyň ýokary döredijilik ruhuny, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi wasp edýän aýdym-sazlar bolsa açylyş dabarasyna özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabarada türkmen dilinde hem-de bäsleşige gatnaşyjy döwletleriň dillerinde ýaňlanan aýdymlar sungatyň dilinde halklaryň arasynda dost-doganlygy, parahatçylygy berkitmäge çagyryşyň belent nusgasy bolup ýaňlandy. Mekdebiň binasynyň eýwanynda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, mekdep durmuşy we okuwçy ýaşlaryň üstünlikleri, taslama-döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň çekenDaş suratlary, kitaplar bilen tanyşdyrýan özboluşly sergi hem guraldy. Halkara ders olimpiadasynyň açylyş dabarasynda çykyş eden dostlukly ýurtlaryň wekilleri bildirilen myhmansöýerlik we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ders bäsleşigine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen wekiliýetler üçin ýörite medeni maksatnama hem taýýarlanyldy. Şoňa görä-de, günüň ikinji ýarymynda olimpiada gatnaşyjy myhmanlar ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp ýerlerinde, aýratyn hem, «Ylham» seýilgähinde, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde bolup, wagtlaryny gyzykly geçirdiler.

Şeýlelikde, mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasy 2025-nji ýylyň 26-njy apreline çenli öz işini dowam eder.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25