Mekdep okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň gazananlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribeleriň esasynda döwletimizi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurda ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Täze taryhy döwürde geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, ylma-döredijilige höweslerini artdyrmak, olary kesbe, käre, hünäre, aýdyň durmuş ýolunaugrukdyrmak babatynda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda, täze bilim edaralary gurulýar, bilim işi has-da kämilleşdirilýär, sanly bilim ösdürilýär.

Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini berýär. Bu gün ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş kadalaryny, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirýän bagtyýar ýaşlar yhlasly okamak, öwrenmek, döretmek we gurmak arkaly ýurdumyzy has-da şöhratlandyrýarlar. 

Geçmişde ilkinji ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň hem-de sungatlaryň gadymy mekany bolan ýurdumyz bu gün täzeden galkynýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara olimpiadalaryny, döredijilik bäsleşiklerini, forumlardyr festiwallary ýokary derejede geçirýän, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýan ýurt hökmünde Türkmenistan döwletimiziň abraýy dünýä dolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 131-nji mekdepde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän II halkara matematika olimpiadasy hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrülip, bilimiň ösüşleriň gözbaşydygyny hem-de adamzady doganlaşdyrýan köprüdigini ykrar edýär.



Metbugatda ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatda dünýäniň döwletleriniň 15-sinden II Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga mekdep okuwçylarynyň we olara ýolbaşçylyk edýän mugallymlarynyň uly topary geldi. Olimpiada jemi 15 sany döwletden, ýagny Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Pakistan Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyndan, Wiýetnam Sosilisatik Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Bolgariýa Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, şeýle hem Türkmenistandan jemi 231 sany zehinli ýaşlar hem-de olaryň ýany bilen gelen 49 daşary ýurtly mugallymlar türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan ak bugdaýa, mukaddes çörege bolan hormatyna eýerilip, milli lybasly gyzlar tarapyndan duz-çörek hödür edildi hem-de dünýä dillerinde «Hoş geldiňiz, dostlar, Türkmenistana!» diýen sözler bilen türkmen myhmansöýerligine mahsus ýokary derejede garşy alyndy.

Ir säher bilen bu mekdebiň öňündäki giň meýdançada guralan dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileriniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň «Güneş» hor toparynyň hem-de Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň birleşen çagalar tans toparlarynyň eziz Watanymyzy, Arkadag Serdarly hem-de Gahryman Arkadagly bagtyýar döwrümizi, zähmetsöýer we şahandaz halkymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we dost-doganlyk ýörelgelerimizi dabaralandyrýan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen tanslar olimpiada gatnaşyjylaryň ýüreklerine egsilmez şatlyk-joşgun paýlady hem-de türkmen medeniýetine goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Soňra halkara olimpiada gatnaşyjylar innowasiýalar we döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan, döwrebap okuw kitaplary bilen üpjün edilen bu mekdebiň okuw binasynda guralan ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerinde gazanan üstünlikler we taslama döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň şekillendiriş sungatyna degişli eserleri, kitap sergisi bilen tanyş boldular. Daşary ýurtly okuwçylar we mugallymlar Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň ähli adamzada sowgat edilen gymmatly çeşmelerdigini buýsanç bilen bellediler. Serginiň dowamynda mekdep okuwçylarynyň milli senetçilik we el işlerini ýerine ýetirýän pursatlary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň «Mukam» çagalar skripkaçylar toparynyň «Sazlar çemeni» atly ýerine ýetiren saz eserleri myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Dabara gatnaşyjylar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan barada, bilim ulgamynyň ösüşlerine, buýsançly habarlaryna, wakalaryna, halkara derejesinde ykrar edilen üstünliklerine bagyşlanan wideoşekillere tomaşa etdiler.



Açylyş dabarasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary, halkara olimpiadanyň eminler toparynyň başlygy, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, daşary ýurtly we türkmenistanly mekdep okuwçylary gutlag sözleri bilen çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar adam bolup ýetişmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni esaslandyryjy – türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty hem-de Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň döretmek we gurmak ýoly bilen ýetilen belent sepgitlere, uly üstünliklere, halkara giňişligindäki barha berkeýän ornuna, jemgyýetimizi beýik maksatlaryň töweregine birleşdirýän tutumly işlere, hususan-da, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sagdyn, ruhubelentlik, innowasion tehnologiýalardan başy çykýan, erjel, maksada okgunly ýaşlary terbiýelemek ugrunda amala aşyrylýan ägirt uly işlere aýratyn üns çekildi. Çykyş edenler matematikanyň gadymdan bäri öwrenilip gelinýän ylymdygyna, orta asyrlarda Merkezi Aziýada we Ýakyn Gündogarda ylmyň dürli ugurlary bilen birlikde matematika hem ýokary derejede ösendigine, Muhammet ibn Musa Horezmi, Ahmet ibn Abdylla Merwezi, Ahmet Nesewi, Abu Reýhan Biruny, Abu Aly ibn Sina ýaly meşhur alymlaryň tagallalary bilen ylmyň dürli pudaklarynda ajaýyp üstünlikler gazanylandygyna üns çekilip, al-Horezmi, Ibn Sina, Omar Haýýam, Nasireddin Tusy, Ulugbeg ýaly alymlaryň matematika boýunça eden uly açyşlary, matematika degişli uly eserleri hem-de Türkmenistanda bu taryhy tejribäniň dowam etdirilişi barada buýsançly sözler aýdyldy. Çykyşlarda türkmenistanly hem-de daşary ýurtly ýaş matematikleriň has zehinlilerini ýüze çykarmak bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly Gurbanguly Berdimiuhamdowyň «Dilaog – parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň esasynda ýatan parahatçylyk, ynanyşmak we dialog ýörelgelerini dünýä dabaralandyrmakda hem bu halkara bäsleşiginiň ähmiýetiniň örän uludygy aýratyn nygtalyp geçildi.  

Myhmansöýer Türkmenistana gelip görmek üçin döredilen ajaýyp şertler, bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi, zähmet çekmegi ugrunda edilýän aladalar, ýakyndan berilýän hemaýat-goldawlar üçin, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyna çäksiz sagbolsunlar aýdyldy.

Dutarda ýerine ýetirilýän türkmen halk sazy ynsan kalbyna oňaýly täsir edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu dabaranyň çäginde Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly şygrynyň hem-de «Könegüzer» halk aýdymy türkmen milli aýdym-saz sungatyna çäksiz buýsanjy döretdi. Şeýle hem «Svay» daşary ýurt aýdymy, «Gel, Türkmenistana!», «Parahatlyk guşy», «Türkmenistan – Bitaraplyk mekany» ýerine ýetirildi.

Mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň şatlyk-şowhunly açylyş dabarasy, bahar paslynyň ajaýyp gözelliklerine beslenen Aşgabat şäherleriniň gözel keşbi, täze tanyşlyklar olimpiada gatnaşyjylara ýatdan çykmajak bagtyýar pursatlary paýlady.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25