Göreşçilerimizden täze ýeňişler

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 14-16-njy apreli aralygynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV uniwersiadanyň çäklerinde sportuň erkin we grek-rim göreşi boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýaryş geçirildi.

Geçirilen ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp-türgenleri tapawutlanmagy başardylar, ýagny sportuň erkin göreş görnüşi boýunça Hojalyýew Orazmuhammet 92 kg agram derejesinde I orna, Ataýew Parahat 79 kg agram derejesinde II orna, Musagulyýew Süleýman 125 kg agram derejesinde II orna, Allaberdiýew Atamyrat 92 kg agram derejesinde III orna mynasyp bolmagy başardylar.

Sportuň grek-rim görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda hem uniwersitetimizň talyp-türgenleri tapawutlandylar, olar Musagulyýew Süleýman 130 kg agram derejesinde I orna, HojamyradowNurmuhammet 60 kg agram derejesinde II orna, Hojalyýew Orazmuhammet 97kg agram derejesinde III orna we Poladow Serdar 87 kg agram derejesinde III orna mynasyp boldular.

Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.

Her bir ugurdaky yhlas siňdirilip amala aşyrylýan işleriň sakasynda durup, olara ruhy ganat berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.


Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25