SAGLYK AÝY MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Saglyk aýy mynasybetli professor-mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda welosipedli ýöriş geçirildi.

Ekologik ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynda durmuş-ykdysady wezipeler bilen berk baglanyşykly bolup, amala aşyrylýan maksatnamalarda, giň gerimli taslamalarda möhüm orny eýeleýär. Şunda ýurdumyzda sportuň giňden wagyz edilmegine we ösdürilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagyny şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi asylly däbe öwrülen köpçülikleýin sport çäreleri, şol sanda welosipedli ýörişler häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan goldanylýar we üstünlikli dowam etdirilýär.

Şeýlelikde, bu gezekki welosipedli ýöriş professor-mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlarynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, sagdyn durmuş ýörelgelerine, ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsi boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25