ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hünärmenleriň täze neslini taýýarlap ýetişdirmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlar hakynda edilýän alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülýär. Ýaşlaryň geljekde hünär saýlap almagynda daşary ýurt dillerini bilmegiň zerurdygy göz öňünde tutulyp, dil öwretmek bilen baglanyşykly işler bilim özgertmeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Beýleki işler bilen bir hatarda bilim ulgamynda öwrenmek isleýän her bir adam üçin ygtybarly ýardam etjek okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler taýýarlanylyp, neşir edilip, yzygiderli köpçülige, ilkinji nobatda, bilime teşne talyplara ýetirilýär. Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin “Pars diliniň fonetikasy” okuw kitaby (awtorlary: B.Atanyýazowa, B.Akmämmedowa, R.Hojanyýazow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) hem neşir edildi.

Ýokary bilimli dilçi, terjimeçi (dilmaç) hünärmenleri taýýarlamakda bu okuw kitabynyň örän uly ähmiýeti bar. Okuw kitaby ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň pars dilini hünär dili hökmünde öwrenýän talyplary üçin niýetlenen hem bolsa, ondan bu dil bilen gyzyklanýanlaryň ählisi-de peýdalanyp bilerler. Kitap sözbaşydan, 22 sany temadan, goşmaça maglumatlardan, fonetika boýunça adalgalaryň türkmen-pars sözlüginden, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. Okuw kitabyndaky temalaryň hersi boýunça berilýän gönükmeler, soraglar, ýumuşlar bu babatda olary öwrenijileriň bilimini artdyrmaga gönükdirilendir.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25