Alymlar başga tekstiň aşagynda gizlenen Ptolemeýiň syrly golýazmasyny tapyp düşündirdiler

Alymlar miladydan öňki birinji asyrda müsürli, asly grek bolan matematik we astronom Klawdius Ptolemeýiň ýazan gadymy golýazmany kesgitlediler.

Pergamentde grek dilinde ýazylan bu tekst ilkinji gezek Rimde gadymy tekstleriň alymy Angelo Maý tarapyndan açyldy. Bu ýazgylar1819-njy ýylda Italiýanyň demirgazygyndaky Bobbio Abbiniň kitaphanasynda tapyldy.

Indi Pariždäki Sorbonna we Nýu-Ýork uniwersitetiniň gözlegçiler topary kriptografiki tekstiň köpüsini açyp, mazmunyny görkezdiler. Işlerini 9-njy martda takyk ylymlaryň taryhy arhiwi inurnalynda çap edilen gözlegde jikme-jik görkezdiler. Alymlaryň Ptolemeýiň bu tekstini tapmagy başga bir eseriň astynda gizlenendigi sebäpli gaty kyn boldy.

Biziň eramyzyň VI ýa-da VII asyrynda kimdir biri sahypalarda başga bir eseri çap edipdir - bu ýagdaý Sewiliýaly ispan teology Isidore tarapyndan öwrenilýär. Gadymy sahypalardaky harplary çykarmak üçin alymlar köp şekillendiriş usulyny ulandylar. Alymlar olary düzüp, ýazylanlaryň ýarysyndan gowragyny okap bildiler.

Ptolemeýiň ýazanlaryndan, uzaklyklary yzarlamak we ýyldyzlary öwrenmek üçin ulanylýan ýarag enjamy bolan meteoroskopy nädip gurmalydygyny düşündirýän gollanmany tapdylar. Birek-birege aýlanýan dokuz sany metal halkadan ybarat enjam, astronomiki hasaplamalar geçirilende adamy ugrukdyrmaga kömek edýär. Gözlegiň netijesine görä, tekstde Ptolemeý diametri 0,3 metr gural gurmagy maslahat beripdir.

Mahira HALMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we

edebiýaty  fakultetiniň  1-nji  ýyl  talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25