V Açyk Halkara Matematika Olimpiadasyna badalga berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik maksatlar hem uly umytlar bilen gadam basylan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» turuwbaşdan halkara üstünliklere beslendi. Bu halkara üstünlikleriň birnäçesiniň bilim ulgamyndadygy bellenilmäge mynasyp. 14-nji aprelde hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde V Açyk halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy.
Uniwersitetiň girelgesinde myhmanlar duz-çörekli garşy alyndy. Bu ýerdäki milli gymmatlyklarymyzy ýaýbaňlandyran sergi daşary ýurtlylaryň ünsüni özüne kökerdi. Türkmen milli keşdelerini çitip oturan talyp gyzlaryň, sungata öwrülen senetlerimiz bilen meşgullanýan gerçek ýigitleriň ýerine ýetirýän el işleri gymmatlyklarymyzyň gadymylygynyň hem müdimiliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Soňra myhmanlar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Maslahatlar zalyna geldiler. Bu ýerde V Açyk halkara matematika Olimpiadasynyň açylyş dabarasy mynasybetli birnäçe aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Aýdym-sazly çykyşlarda gözel Watanymyzyň gül goýnunda amala aşyrylýan beýik işler özüniň aýdyň beýanyny tapdy. Uly şatlyk-şowhuna beslenen dabarada ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlara tomaşa eden daşary ýurtly myhmanlar türkmen medeniýetiniň, türkmen sungatynyň ajaýyp älemine bir pursat seýran etdiler. Ýaňlanan ajaýyp aýdymlar, ýerine ýetirilen milli tanslar myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.
Açylyş dabarasyna bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlardan soňra Halkara olimpiadanyň ýekebara görnüşine badalga berildi. Ýaş matematikler zerur bolan ähli şertleri döredilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň okuw otaglarynda matematikanyň çylşyrymly mysaldyr meselelerini ýekebara görnüşde hasaplamak boýunça güýç synanyşdylar.
Bu bäsleşik dünýäniň ençeme döwletleriniň, has takygy, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Indoneziýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny özünde jemledi. Maglumat hökmünde nygtap geçsek, daşary ýurtlardan 30 gowrak ýokary okuw mekdep we 200-e golaý talyp, şeýle-de ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyjy hökmünde hasaba alyndy. Jemi 60 sany ýokary okuw mekdepden 557 sany gatnaşyjydan ybarat bolan V Açyk halkara matematika olimpiadasynda ýaş zehinler ýekebara we toparlaýyn görnüşinde bäsleşerler. Bäsleşik A we B dereje esasynda alnyp barylar. A topara matematika we informatika boýunça, B topara bolsa, islendik hünär boýunça bilim alýan talyplar gatnaşarlar.
Düzgünnama laýyklykda, bäsleşigiň emin agzalary ýurdumyzyň we bu bäsleşige gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlaryndan ybarat bolar. Olimpiadanyň çäklerinde paýtagtymyza gelen myhmanlar üçin gadymy Nusaý galasyna, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, şeýle-de paýtagtymyzyň «Aşgabat», «Arkaç», «Berkarar», «Gülzemin» ýaly söwda we dynç alyş merkezlerine gezelençleri guramak göz öňüne tutulýar.
Bu halkara bäsleşikde daşary ýurtlylar, eýsem, diňe bir ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazananlaryna göz ýetirmek bilen çäklenmän, halkymyzyň gadymy taryhyna, medeniýet we sungat dünýäsine sary syýahat ederler. Bularyň ählisi bolsa, Watanymyzyň halkara abraýyny, şeýle-de, eziz Diýarymyza dünýä derejesinde berilýän ünsi öňküsinden-de artdyrar. Bu özgertmeleriň özeninde bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz Watanymyzyň adyny äleme aýan etjek ýaş hem zehinli halkara hünärmenleri kemala getirmek ugrundaky taýsyz tagallary bar.