Ýurdumyzyň orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigi geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde, ýurdumyzyň orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly Himiýa dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly onlaýn internet olimpiadasy “moodle” platformasynda (https://ticit.edu.tm/) şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi. Olimpiada gatnaşmaga isleg bildiren ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Himiýa dersinden etrap, welaýat we Döwlet derejesinde geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolanlar hem hasaba alyndy.
Olimpiada jemi 461 sany okuwçy hasaba alyndy. Ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiligi arkaly okuwçylaryň toplan ballaryň jemi boýunça jemi 126 şahsy ýeňijileri kesgitlenildi. Olar bäsleşigiň II tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň II tapgyry 2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde sagat 10:00 da geçiriler.