Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlaryny birleşdirýär

Nýu-ýork, 2025-nji ýylyň 16-njy apreli — Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygy geçiriler. Hemişelik Bitaraplyk derejesini dünýäde agzybirligiň, hyzmatdaşlygyň we ynanyşmagyň nusgalyk ýörelgesine öwürmegi başaran Türkmenistan bu möhüm çäräni geçirmegiň başlangyjy bilen çykyş etdi.

Duşuşyk BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) ýaşlar forumynyň ýokary derejeli mejlisiniň çäklerinde geçiriler. Ol BMG tarapyndan yglan edilen «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýylyna», şeýle hem BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Ýaşlar, Parahatçylyk we Howpsuzlyk baradaky 2250-nji Kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanýar. Durnukly ösüşde ýaşlaryň orny barha artýan Merkezi Aziýa sebitiniň agzybirligi, pikir alyşmaga taýýarlygy we bilelikde ösüş ýolunda edýän tagallalary dünýäde ýene bir ýola giňden seslenme tapar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň işjeň talyplary girer. Foruma Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan döwletleriniň wekiliýetleriniň, şeýle hem BMG-niň, halkara hemaýatkärleriň we hyzmatdaş guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Beýleki döwletleriň we halkara guramalaryň hem bu foruma gatnaşmaga gyzyklanma bildirmegi, bu halkara meýdançanyň diňe sebitara däl, eýsem dünýä derejesinde hem ähmiýetlidiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa 2023-nji ýylda Arkadag şäherinde başlanan başlangyjyň düýäde parahatçylygy, özara düşünişmegi we durnukly ösüşi öňe sürmekde ýaşlar diplomatiýasynyň täsirli nusgasy hökmünde giňden gyzyklanma döredýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň syýasatyna laýyklykda Türkmenistan sebitiň ýaşlarynyň arasynda özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy hem-de pikir alyşmalary ösdürmek üçin özboluşly halkara meýdançany döretmegiň başyny başlaýar. Onuň çäklerinde sebitiň öňünde durýan möhüm wezipeler, mümkinçilikler, şeýle hem hyzmatdaşlygyň institusional esasda dowam etdirilmegi baradaky başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalary bilen çykyş ederler, parahatçylyk medeniýetini, durnukly bilim ulgamlaryny, jemgyýetçilik telekeçiligini ösdürmek, şeýle hem 2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça (LLDC3) Üçünji maslahatynyň çäklerinde meýilleşdirilýän nobatdaky foruma taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Forum BMG-niň 2250 belgili Kararnamasynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen anyk ädimleriň biri hökmünde parahatçylygy üpjün etmekdäki, gapma-garşylyklaryň öňüni almakdaky we inklýuziw ösüşe ýardam bermekdäki möhüm ýaşlaryň ornuna ünsi çekmäge gönükdirilendir. Şeýle hem duşuşykda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýaşlaryň sesini halkara giňişlikde eşitdirmegiň mehanizmlerini döretmek we dialogyň dowamlylygyny üpjün edýän gezekli-gezegine geçirilýän duşuşyklar ulgamyny ýola goýmak meselelerine aýratyn ähmiýet berler.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylda başy başlanan bu dialog häzirki wagtda özüniň durmuşda netijelidigini we derwaýys zerurdygyny subut etdi. Bu forum diňe bir işjeň ýaşlaryň duşuşygy bolman, eýsem geljegiň ösüş ugurlaryny kesgitleýän ýaşlaryň güýç hökmünde çykyş edýän XXI asyryň diplomatiýasynyň täze nusgasynyň birine öwrüldi.

Forumyň netijesinde Merkezi Aziýanyň ýaşlar ulgamynyň giňeldilmegine, yzygiderli hyzmatdaşlygyň mehanizminiň döredilmegine, LLDC3 forumyna degişli teklipleriň işlenip düzülmegine we halkara gatnaşyklaryndaky ýaşlaryň ornunyň ýokarlandyrylmagyna garaşylýar.

Nýu-Ýorkda geçiriljek «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogynyň» nobatdaky duşuşygy diňe bir halkara çäre bolman, eýsem bu sebitiň ýaşlarynyň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň sesine öwrülýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistan bolsa sebitiň geljegini we bütin dünýäni özgerdýän bu täzeçil başlangyçlara ýol açýan ygtybarly utgaşdyryjy hökmünde ýene bir ýola çykyş edýär.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25