Sport - parahatçylygyň ilçisi

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 1-8-nji apreli aralygynda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sport – parahatçylygyň ilçisi” atly Ýurdumyzyň ýokary mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. 
Ýaryşyň ilkinji oýnunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” woleýbol topary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagär” woleýbol toparyndan 3-0 hasap bilen üstün çykdy, çärýek finalda “Nebitçi” topary Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han” toparynyny hem 3-0 hasap bilen ýeňdi. Ýarym finalda biziň toparymyz Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Ýüpek ýoly” toparyndan 3-0 hasap bilen üstün çykyp finala çykmagy başardy.
Final oýny “Nebitçi” topary bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň “Talyp sport” toparlarynyň arasynda geçdi. Bu oýunda hem “Nebitçi” topary garşydaşyny 3-0 hasap bilen ýeňip Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Çempion ydyna mynasyp boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25