UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ VII SYNPY ÜÇIN “ÝAPON DILI ” OKUW KITABYNYŇ NOBATDAKY NEŞIRI ÇAP EDILDI


Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda beýleki derwaýys işler bilen bir hatarda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmägiň çäklerinde daşary ýurt dillerini öwretmäge bagyşlanan möhüm işleriň hem yzygiderli durmuşa geçirilmegi hemmelerde buýsançly duýgulary döredýär.

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň VII synpy üçin “Ýapon dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitabynyň gaýtadan işlenen we üsti ýetirilen ikinji neşiri (awtorlary: N.Amangeldiýewa, T.Uehara) – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) çap edildi. Bu okuw kitaby neşir edilýän beýleki okuw kitaplary ýaly döwrebaplygy bilen tapawutlanýar we ol doly okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylypdyr. Okuw kitaby “Maşgala”, “Bir gün”, “Mekdep”, “Sowgat”, “Bazarlama”, “Iýmitler we içgiler”, “Türkmenistan”, “Dünýä” ýaly bölümleri öz içine alýar hem-de okuwçylaryň ýapon dilinde geplemek, eşidip düşünmek, okamak we ýazmak endiklerini ösdürmek üçin gönükdirilendir. 

Şeýle hem, okuw kitabynyň esasy aýratynlyklarynyň hatarynda okuwçylary okuw prosesine işjeň gatnaşmaga höweslendirýän dürli ýumuşlar, diňlemek we geplemek endiklerini ösdürmek üçin CD diskinde audiomateriallar, ýapon halkynyň däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan medeni maglumatlar berlen. Okuw kitaby okuwçylara ýapon diliniň esaslaryny öwretmek bilen birlikde, olaryň gündelik durmuşda ulanyp biljek sözlemleri özleşdirmegine ýardam edýär. Munuň şeýle bolmagyny üpjün etmekde ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin “Geliň diňläliň!”, “Geliň aýdalyň!”, “Geliň dostlarymyz bilen gepleşeliň!”, Geliň ýerine ýetirmäge synanyşalyň!”, “Geliň okalyň we jogap bereliň!”, “Geliň ýazalyň!”, “Geliň barlalyň!” ýaly aňlatmalar arkaly şertli belgiler görkezilen.

Kitabyň ilkinji bölümi maşgala bilen tanyşlykdan başlanýar. Okuwçylar ýapon harplaryny we sözlerini dogry ýazmagy hem-de okamagy öwrenýärler. Bu okuw kitabynda ýapon diliniň esasy grammatik gurluşynyň kadalary düşündirilýär. Şeýlelikde, atlaryň, işlikleriň we sypatlar bilen birlikde, söz düzüminiň esasy düzgünleri tanyşdyrylýar. Bu bölümdäki ýumuşlar okuwçylara ýapon dilinde sözlemleri dogry düzmek we gepleşikde ulanmak üçin esas döredýär.

Okuwçylara gündelik durmuşda ulanylýan sözler we söz düzümleri bilen tanyşmak üçin aýratyn bölüm berilýär. Onda ýaşaýyş, maşgala, mekdep we iş ýaly temalara degişli sözler hem-de olaryň ulanylyşy düşündirilýär. Her temadan soň, sözleriň ulanylyşyny öwrenmek üçin mysallar berilýär.

Bu okuw kitabynda diňlemek we gepleşik endiklerini ösdürmek üçin dürli gönükmelere esaslanylýar. Okuwçylar ýapon dilinde gepleşik guramak, soraglara jogap bermek we ýapon dilinde düşündirmek bilen baglanyşykly türgenleşikleriň kömegi arkaly özbaşdak sözlemleri düzmegi öwrenýärler. Şeýle hem, ses ýazgylary we gepleşik nusgalary arkaly sözleriň dogry aýdylyşyny öwrenmek mümkinçilikleri üpjün edilýär.

Her bölümiň ahyrynda okuwçylaryň alan bilimlerini barlamak üçin synag soraglary we türgenleşikler getirilýär. Şeýle hem, käbir bölümlerde gürrüňdeşlik we ýazuw işleri bilen baglanyşykly gönükmeler ýerleşdirilipdir.

Bu okuw kitaby okuwçylarda ýapon dilinde geplemek, okamak, ýazmak, düşünmek we şahsy pikiriňi beýan etmek endiklerini usuly taýdan has-da ösdürmäge, halkara gatnaşyklary ulgamynda medeniýetleriň we däp-dessurlaryň özara baglanyşygyny öwrenmäge ýakyndan ýardam eder.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25