ORTA MEKDEPLERIŇ 12-NJI SYNP ÜÇIN UMUMY BIOLOGIÝADAN TÄZE OKUW KITABY ÇAPDAN ÇYKDY


Ýakynda, has takygy, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar bilen geçýän üstümizdäki ýylyň aprel aýynyň ilkinji günlerinde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň umumy blim berýän ota mekdepleriniň rus dilinde okadylýan synplary üçin biologiýadan täze okuw kitaby (С. Дурдыев, Л. Стараулова, Н. Базарова. Общая биология. Учебник для 12 класса с русским языком обучения общеобразовательных средних школ. – А.: Туркменская государственная издательская служба, 2025. – 172 с.) çapdan çykdy.

Täze neşir edilen okuw kitabynyň hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» anyk kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýakyndan ýardam eder.          

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlaryna niýetlenen bu täze okuw kitaby jemi 3 bölümden we 34 paragrafdan ybarat. «Ewolýusiýa» diýlip atlandyrylýan birinji bölümiň düzüminde 2 bap we 10 paragraf ýerleşdirilen. Olarda umumy biologiýanyň iňňän möhüm düşünjeleri hasaplanýan janly tebigatyň ewolýusiýasy baradaky pikirleriň ösüşi, ewolýusiýanyň subutnamalary, görnüş we onuň alamatlary, populýasiýa, üýtgeýjilik we onuň görnüşleri, genleriň dreýfi, ewolýusiýa hadysasynyň esasy ugurlary ýaly gymmatly maglumatlar beýan edilen.

Okuw kitabynyň ikinji bölümi «Organiki dünýäniň ösüşi. Adamyň gelip çykyşy» diýlip atlandyrylan. Bu bölümde 3 bap we 10 paragraf bar. Olaryň mazmunynda Ýer ýüzünde ýaşaýşyň döreýşi we ösüşi, ýaşaýşyň döreýşi baradaky häzirki zaman ylmy garaýyşlar we öňe sürülýän ylmy çaklamalar, adamyň gelip çykyşy barada häzirki zaman ylmy maglumatlar okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda beýan edilen. 

«Ekologiýanyň esaslary» atly jemleýji üçünji bölüm 2 bapdan we 14 paragrafdan durýar. olarda ekologiýa ylmy, onuň predmeti, ylmy-barlag usullary, organizmleriň öz ýaşaýan tebigy gurşawlarynyň şertlerine uýgunlaşmaklarynyň mehanizmleri, daşky gurşawyň şertleriniň adam saglygyna we sagdynlygyna edýän täsirleri, dürli görnüşleriň populýasiýalarynyň arasyndaky özara baglanyşyklar we gatnaşyklar, biogeosenoz, ekoulgamlar we olaryň aýry-aýry görnüşleri, agrosenozlar ýa-da agroekoulgamlar, şol sanda olaryň Türkmenistanyň çäginde has giňden ýaýran görnüşleri, ekologik bilimleriň adamyň gündelik durmuşyndaky we daşky gurşawy goramakda ulanylyşy baradaky zerur bilimler, gyzykly ylmy maglumatlar öz beýanyny tapypdyr. 

Okuw kitabynyň gürrüňi edilýän üçünji bölüminde adam we biosfera baradaky bilimleriň toplumyna hem aýratyn orun berilipdir. Olaryň arasynda biosferanyň düzümi we ýerine ýetirýän işleri, janly madda, biosferada kislorod, azot, uglerod, fosfor ýaly himiki elementleriň, şeýle hem ýaşaýşyň iňňän möhüm çeşmesi hasaplanýan suwuň biosferadaky aýlanyşygy baradaky möhüm düşünjeler bar. Bulardan başga-da, biosferanyň tebigy baýlyklaryny goramak we rejeli peýdalanmak, biosferany we onuň biologik dürlüligini gorap saklamak baradaky gymmatly ylmy maglumatlar hem öz beýanyny tapypdyr. 

Täze neşir edilen okuw kitabynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramaga degişli köp sanly halkara ylalaşyklaryna (konwensiýalaryna) gatnaşyşy, bu möhüm ugurda durmuşa geçirýän nusgalyk işleri barada hem gürrüň berilýär. Türkmenistanyň çäginde hereket edýän döwlet tebigy goraghanalary, olarda goralyp saklanýan we köpeldilýän ösümlik, haýwan görnüşleri, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna atlary ýazylan ösümlikleriň we haýwanlaryň gymmatly genofonduny gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada gymmatly maglumatlar beýan edilen. Okuw kitabynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçen 2024-nji ýylda neşir edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň gaýtadan işlenen we üsti ýetirilen dördünji neşiri, şeýle hem ondan ozal dürli ýyllardan çap edilen üç neşiri baradaky maglumatlar hem öz beýanyny tapypdyr. 

Her bir paragrafyň soňnda beýan edilen soraglar we ýumuşlar okuwçylaryň logiki pikirlenmekleriniň ösmegine, olaryň bilesigelijiligini we gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen. 

Şeýle hem, okuw kitabynyň soňunda bu dersiň okuw maksatnamasynda beýanyny tapan tejribe (laboratoriýa) işleriniň üçüsiniň, bir sany hem amaly işiň ýerine ýetirilişiniň ýazgylary ýerleşdirilen. Munuň özi okuwçylar üçin-de, mugallym üçin hem amatlylygy döredýär. 

Okuw kitabynda ýerleşdirilen 73 sany owadan suratlar, çyzgylar (shemalar), grafikler bu okuw serişdesiniň bilim berijilik we ylmylyk gymmatyny artdyrýar, beýan edilen maglumatlara okuwçylaryň oňat düşünmeklerine we olary çuňňur özleşdirmeklerine ýardam edýär.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25