“Bagtyýar nesillerimiziň sagdynlygy- Watanymyzyň Baş baýlygy” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi


Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bütindünýä saglyk gününiň öň ýanynda 2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň döwlet usuly merkezi bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde “Bagtyýar nesillerimiziň sagdynlygy- Watanymyzyň Baş baýlygy” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Bu ylmy-usuly maslahaty Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýat häkimligi gurady.
Däp bolşy ýaly, maslahata gatnaşan öňdebaryjy bilim işgärleri mekdep muzeýi bilen tanyşdylar. Döwlet Baştutanlarymyzyň atalyk kitaplaryndan düzülen kitap sergisine syn etdiler.
Mekdebiň mejlisler zalynda geçen ylmy-usuly maslahatyň barşynda täsirli çykyşlar diňlendi. Çykyşyň başynda TMBI-niň direktory B.Bäşimow maslahaty açyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýarlygy, abadançylygy, jemgyýetiň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydygyny, çagalar baradaky hemmetraplaýyn alada, olary Watanymyza söýgi, onuň taryhyna we medeniýetine hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek ugrunda guwandyryjy işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu dogrusynda 28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli “Çagalara mähirli garaýyş-bagtyýar geljegiň girewidir” atly ylmy-usuly maslahatyň geçirilendigini belledi.
Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Zähmet we hünär okuwy bölüminiň uly ylmy işgäri M.Bäşimowa, Aşgabat şäheriniň 103-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi G.Agalyýewa, Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy G. Akadowa, Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly derslerine ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Ş.Ýegelekowa hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy işgäri P.Gökbaýewa dagylar täsirli çykyş etdiler.
Usuly-amaly maslahatda çykyş edenler sagdyn çagalar- Watanymyzyň buýsanjydygyny, mekdebe çenli çagalar edaralarynda taplama çäreleri çagalaň saglygynyň girewidigini giňişleýin beýan edip, sapaklarda we sapakdan daşary işlerde Watanymyzyň Baş baýlygy ýaş nesillerimiziň saglygyny berkitmegiň döwrebap usullary barada , himiýa sapaklarynda iýmitiň himiki düzüminiň öwretmegiň usullary bilen , ýaş nesliň  sagdyn iýmitlenmegi üçin bilim-terbiýe bermekde peýdalanmagyň usullary boýunça degişli maslahatlary berdiler.
Usuly amaly maslahatda bilim işgärleri döwrümize mynasyp bilimli, watansöýüji, ilhalar nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň ýollary barada  hem özara pikir we tejribe alyşdylar.
Çykyş edenler Watanymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. 

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25