SAGLYK ÝAŞAÝYŞYŇ GIREWIDIR ADY BILEN DABARALY SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI
Türkmenistan ýurdumyzda her ýylyň aprel aýy saglyk we sport aýy hökmünde bellenip geçilýär. Bu aýda ýurduň ähli künjeklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, jemgyýeti saglyk we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek maksady bilen dürli çäreler guralýar.
Saglyk we sport adamyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Bedeniň berk we ruhubelent bolmagy üçin yzygiderli hereket we sagdyn iýmitlenmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sportuň köp görnüşi ösdürilýär, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilýär.
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 3-ine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň arasynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly dabaraly sport çäresi geçirildi.
Dabaraly çärede sportuň milli göreş, dzýudo, sambo, küşt, şaşka, stoluň üstünde oýnalýan tennis, düzzüm, woleýbol, gandbol we futbol görnüşleri boýunça görkezme çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle hem, talyp ýaşlar köpçülikleýin welosipedli ýöriş etdiler. Uniwersitetiň talyp ýaşlarynyň sportda gazanan ýeňişlerini mahabatlandyrýan sport sergisi sport dabarasynda aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň “Gara altyn” çeper höwesjeňler toparynyň ýerine ýetirmeginde sporta bagyşlanan birnäçe aýdymdyr, tanslar ýerine ýetirildi.
Dabara gatnaşyjylar sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.