Ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşigiň geçirilýär


Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlarda täze, döwrebap tehnologiýalaryna erk etmek endiklerini ösdürmek hem-de daşary ýurt tejribelerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, Ýaşlaryň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi  ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşigiň 2023-nji ýylyň 18-19-njy marty aralygynda “Sanly Çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilýändigini mälim edýär.

Goşmaça maglumatlar üçin şu salgydan peýdalanyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 12 927717;  +993 12 927727

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25