Boksçylarymyzyň üstünlikleri
Türkmenistanyň sport äleminde belent abraýa eýe bolmagy Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ugra aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda çempionatlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.
Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde netijeli işler alnyp barylýar.
“Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 18-22-nji fewralynda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän “Türkmenistan – Ruhubelentligiň we Sagdynlygyň ýurdy” atly XIV Uniwersiadanyň çäklerinde sportuň boks görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Bu ýaryşda uniwersitetimiziň talyplary, ýagny Muhammetdurdyýew Mustapa 92 kg agram derejesinde I orun, Şihimow Mahmut 75 kg agram derejesinde II orun, Mämmedşaýew Dawut 80kg agram derejesinde III orun, Nurahmedow Şöhrat 92kg agram derejesinde III orun şeýle hem Aşyrbaýew Parahat 57kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip III orna mynasyp boldular.
Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.