Umumy bilim berýan orta mekdepleriň XI synpy üçin «Himiýa» okuw kitaby neşir edildi


Umumybilim berýan orta mekdepleriň XI synpy üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Himiýa» okuw kitaby (awtorlary: M.Amangulyýew, R.Nurberdiýew, A.Şemekow) neşir edildi. Kitap üç bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde atomyň gurluşy barada ozal berlen düşünjeler has-da çuňlaşdyrylýar. Atom ýadrosynyň düzümi we gurluşy, izotoplar, radioaktiwlilik, atomda elektronlaryň hereketi, elektron bulutlar, kwant sanlary barada maglumatlar berilýär. Atomyň gurluşy baradaky taglymatyň nukdaýnazaryndan periodik kanunyň we himiki elementleriň periodik sistemasynyň düşündirilişi beýan edilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, kitabyň ikinji bölümi maddalaryň gurluşyny öwrenmek üçin zerur maglumatlary öz içine alýar. Himiki baglanyşyk we onuň görnüşleri, kowalent baglanyşygynyň emele geliş usullary, kristal gözenek barada ýeterlik düşünjeler berilýär. Şeýle hem häzirki döwürde barha uly ähmiýete eýe bolýan kompleks birleşmeler barada gysgaça maglumatlar getirilýär. Kompleks birleşmeleriň emele gelşi, merkezi atom, içki we daşky sferalar düşündirilýär.

Okuw kitabynyň üçünji bölüminde dispers sistemalary, olaryň görnüşleri, kolloid erginleri, ereýjilik, elektrolitleriň erginleri, suwuň elektrolitik dissosiasiýasy, wodorod ionlarynyň konsentrasiýasy, wodorod görkezijisi (pH), indikatorlar baradaky düşünjeleri özleşdirmek üçin zerur maglumatlar ýerleşdirilipdir. Erginlerde geçýän reaksiýalary, ýagny duzlaryň gidrolizini, ion çalyşma reaksiýalaryny özleşdirmek üçin zerur maglumatlar yzygiderli beýan edilýär.

Aýry-aýry bölümler boýunça nazary maglumatlaryň özleşdirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli tejribe we amaly işler hem ýerleşdirilipdir. Tejribeleriň ýerine ýetirilişiniň yzygiderliligi, işleri ýerine ýetirmek üçin abzallar, olaryň ulanylyşy sada we düşnükli beýan edilýär. Okuw kitabynda nazary bilimleri berkitmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen degişli meselelere hem-de olaryň çözülişine hem ýeterlik orun berlipdir diýlip, habarda bellenilýär.


Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25