Kaka dokma toplumynyň önümleri daşary ýurtlara eksport edildi
Ahal welaýatynyň Kaka dokma toplumynda geçen 2024-nji ýylda 154 million 184 müň manatlyga golaý harytlyk önüm öndürildi. Dürli belgili ýüplügiň 3 müň 150 tonnadan gowragy, nah matanyň 15 müň 46 müň inedördül metrden gowragy, taýýar tikin önümleriniň 354 müň 500-den gowragy öndürilip, olaryň bir bölegi daşary ýurtlara eksport edildi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Toplumyň ýüplük, dokma, boýag, tikinçilik bölümlerinde Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň ýüplük egriji enjamlary, Belgiýanyň mata dokaýan, Italiýanyň, Germaniýanyň boýag enjamlary hem-de Ýaponiýanyň tikinçilik enjamlary bu ýerde inçe süýümli pagtadan ekologik taýdan arassa ýokary hilli ýüplükleri, olardan boýalan we boýalmadyk nah matalary, şeýle-de taýýar tikin önümlerini öndürmäge şert döredýär.
Önümçilik kuwwaty ýylda 3 müň 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyply häzirki zaman kärhanasynda innowasion tehnologiýalara esaslanylyp iş tutulýar. Ähli dolandyryş işleri awtomatik usulda ýerine ýetirilýär. Işiň gidişine ýörite monitorlar arkaly gözegçilik edilýär. Bu ugurda baý tejribe toplan hünärmenler kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarýarlar diýlip, habarda bellenilýär.